TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Olaryň goranyşy nusgalyk

CNN teleýaýlymynyň berýän habarynda görä, taýwanlylar koronowirusdan iň berk goranýan halkdyr. Bu ýerde ýerli ýaşaýjylar bu keseliň ýaýramgynyň öňüni almak maksady bilen goýlan çäklendirmeleri berk berjaý edýärler.

Hut, şonuň üçin hem Taýwan ýiti ýokanç keseliniň ilkinji ýaýran döwletleriniň biri bolmagyna garamazdan, ondan iň az zyýan çeken döwletleriň başynda gelýär. Hytaýyň awtonom respublikasy bolsa-da bu ýerde ýaşaýanlaryň sany Awstraliýanyň ilatynyň sanyna barabar. Emma Hytaýdan ep-esli uzakda ýerleşýän Awstraliýa bilen Taýwandaky ýagdaýlar deň däl. Has takygy, ilki başda koronowirus baryp ýetmez öýdülen Awstraliýada bu kesele ýoluganlaryň sany 5 müňe ýetdi. Taýwanda bolsa bu kesel bilen bagly ýagdaýlaryň bary-ýogy 400-e golaýy hasaba alyndy.

Ýene-de okaň

Wengriýa Türkmenistanyň tebigy gazyna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan BMG-ä hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

TOPH gaz geçirijisi taslamasyny tizleşdirmek üçin Meýilnama gol çekildi

Teswirle