JEMGYÝET

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlary

2020-nji ýylyň 18-nji aprelinde “Türkmenistan” gazetinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça maslahatlary neşir edilipdir. Şony siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

  1. Azyk önümleriniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý ediň. Çig we taýýar iýmit üçin aýratyn kesiji tagtalary we pyçaklary ulanyň!
  2. Eti we ýumurtgany doly taýýar bolýança, gowy edip bişiriň!
  3. Çig eti dogramagyň we taýýar iýmit bilen işleýän wagty­ňyzyň arasynda elleri­ňizi ýuwup duruň!
  4. Daş-töwerekdäki adamlary ýokançdan goraň. Eger üsgürýän bolsa­ňyz ýa-da gyzgyny­ňyz ýokary bolsa, adamlar bilen gatnaşykdan gaça duruň. Jemgyýetçilik ýerlerinde ýere tüýkürmäň!
  5. Gyzgyny­ňyz ýokarlansa, üsgürse­ňiz we dem alşy­ňyz kynlaşsa, mümkin boldugyça wagt ýitirmän, lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutuň!
  6. Eger siz näsaglamanka­ňyz haýsydyr bir ýurtlara gidip-gelen bolsa­ňyz, bu barada lukmana aýdyň!
  7. Elleri­ňizi ýuwuň. Eller gaty hapa bolan ýagdaýynda, olary sabyn bilen akar suwuň aşagynda ýuwuň!
  8. Elleri­ňiz o diýen hapa bolmadyk ýagdaýynda bolsa-da, olarda göze görünmeýän kesel döredijiler köp mukdarda bolmagy mümkin, şol sebäpli dürli zyýansyzlandyryş erginleri bilen tämizläň ýa-da sabynlap, suw bilen ýuwuň!
  9. Asgyrany­ňyzda we üsgüreniňizde agzy­ňyzy we burnu­ňyzy tirsegi­ňizi epip ýa-da desmal bilen ýapyň. Desmaly şol bada taşlaň we elleri­ňizi ýuwuň!
  10. Gyzgyny ýokary ýa-da üsgürýän adamlar bilen ýakyn galtaşykda bolmakdan saklanyň!
  11. Ýabany ýa-da oba hojalyk haýwanlary bilen goralmadyk galtaşyklardan saklanyň!

Ýene-de okaň

Gurluşyk we binagärlik ministrligine “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Pagta ýygymçy we Pagtaçy.”. hünârleri sanawa goṣuldy

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Amerikan Merkezinde “Ylmy lageri”geçirilýär.

Ata Watan Eserleri