TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Halkara guramanyň wekili bilen onlaýn duşuşyk

2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag daşamalaryny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny bilelikde durmuşa geçirmek hem-de “MHG-niň COVID–19-a garşy Global Çözgüdi (Jogaby)” meseleleriniň çäklerinde Türkmenistanyň MHG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de migrasiýa we saglygy goraýyş, adatdan daşary ýagdaýlarda ýüze çykýan migrasiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.
Taraplar häzirki we geljekki taslamalara, şol sanda 2020-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyna seredip geçdiler. Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. MHG-niň milli maksatnamalaryň işlenilip düzülmegine işjeň çekilmeginiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Teswirle