Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýyl ýurdumyzda gant şugundyryny taýýarlamak babatda hasabat berildi.
Hasabatdan görnüşi ýaly, şu ýyl tutuş ýurdumyz boýunça jemi 17 müň 900 gektar meýdana güýzlük gant şugundyryny ekip, şondan 224 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.
Balkan welaýatynda 3 müň gektardan 24 müň tonna, Mary welaýatynda 14 müň 900 gektardan 200 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilýän dürli görnüşli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmegiň häzirki döwürde obasenagat toplumyny ösdürmegiň esasy wezipeleriniň biridigini belledi.