SPORT

Dünýäniň iň ýaşuly türgenleri

Ýaşyňyz 40-a ýetdi-de bedeniňizde agyrylar köpelip başladymy? Eger şeýle bolsa, ine, siziň üçin bir topar «ylham perisi»:

Germaniýaly Ýohanna Kwaas atly zenan häzir 95 ýaşynda. 86 ýaşynda Ginnesiň rekordlar kitaby ony dünýäniň iň ýaşuly gimnastikaçysy hökmünde bellige alypdy. Ol 9 ýaşynda gimnastika bilen meşgullanyp başlan hem bolsa, 1982-nji ýyldaky ýurduň çempionlygyndan başga göze ilginç üstünligi ýok. Munuň sebäbi bolsa maşgala ýagdaýy sebäpli, birbada sportdan daşlaşanlygydyr. Ýöne wagtyň geçmegi bilen ol ýene gimnastika dolandy. Hatda «YouTube»-de onuň maşklary bilen bagly wideogörnüşler juda meşhurdyr. Şeýle hem Ýohanna ene barada köp sanly makala ýazyldy. Maglumatlarda aýdylmagyna görä, diňe hytaý žurnalistleri ony 186 makalada wasp edipdirler.

Amerikaly zenan Ernestin Şeperd bolsa 84 ýaşynda. Aslynda, ol sport bilen pensiýa çykanyndan soň meşgullanyp başlady. Bütin ömrüne modellik eden zenan owadan görnüşini soň hem ýitirmek islemedik bolmaly. Ol häzir bodibilding bilen ussatlarça meşgullanýar. Hatda ol mundan 10 ýyl ozal dünýäniň iň ýaşuly bodibildingçisi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan bellige alnypdy.

Hindistanly Fauja Sing bolsa 109 ýaşynda. Ol häzirki wagtda dünýäniň iň ýaşuly marafonçysy. Hindistandaky uly mülkleriň biriniň eýesidigine garamazdan, ol sportdan hiç haçan çetleşenok. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda bolsa Londona göçüp gelen Fauja Sing 2000-nji ýylda, 89 ýaşynda marafona gatnaşyp, hemmeleri haýran galdyrypdy.

Haçanda, 2011-nji ýylda 100 ýaşy dolanda, ony dünýäniň iň ýaşuly marafonçysy hökmünde ykrar etdiler.

Mundan 2 ýyl ozal 50 metr aralygy 56,12 sekuntda ýüzüp geçen awstraliýaly Jorj Korones häzir näçe ýaşyndadyr öýdýärsiňiz? 102 ýaşynda!

Suwda ýüzmek onuň çagalygyndan galan endigi. Hatda türgen bolup, uly-uly ýaryşlara gatnaşjakdy. Ýöne Ikinji jahan urşy ony maksatlaryny üýtgetdi. Şeýlelikde, tä hormatly dynç alşa çykýança lukman bolup işledi. Diňe şondan soň uly sporta gaýdyp gelip, dünäý rekordlarynyň birnäçesini goýdy. Eger ol sport bilen men diýen ýaşynda meşgullanan bolsa, Maýkl Felpse munça rekordy goýmak başartmasa, başartmazdy hem. 

 

300 ýyllyk haty okamagyň tehnologiýasy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

58 ýaşyndaky türgen Olimpiýa oýunlarynda çykyş eder

Sport baýramçylygy – Olimpiýa oýunlaryna sanlyja gün galdy

“Real Madrid” – dünýäniň iň gymmat topary

Ýamalyň goly Ýewropa çempionatynyň iň owadan goly boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawy 16-njy awgustda başlanar