BIZNES

Daşary döwletlere 78 müň tonna türkmen pomidory ugradyldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzdan eksport edilýän harytlarynyň möçberleriniň artýandygyny belleýär. Şeýle harytlaryň aglaba bölegini oba hojalyk önümleri düzýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda bellenilýär.

Şu ýylyň başyndan bäri pomidoryň daşary döwletlere eksport edilen möçberi 78 müň tonnadan gowyrak bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 50 göterime golaý ýokarlandy. Bu döwürde hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilýän konditer önümleriniň, kelemiň, mäşiň we soganyň  uly möçberi daşarky bazara iberildi. Bulardan  başga-da miwe we gök-bakja ekinleriniň üpjünçiligi içerki bazarlardan artýan  ter alma, armyt, şetdaly, käşir, bolgar burçy, guradylan miweler we beýleki azyk önümler eksport edildi.

Ýurdumyzyň gümrük edaralarynda resmileşdirilýän azyk däl harytlaryň eksportynyň ösüşi hem yzygiderli artýar. Şu ýylyň başyndan bäri hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilýän aýakgaplaryň eksporty geçen ýyla görä 3 esse ýokarlandy. Eksporty ýokarlanýan harytlaryň sanawynda ýuwujy serişdeleri, mebeli, gaýtadan işlenen deri önümlerini hem görkezmek bolar.

Gümrük serhediniň üstünden geçirilýän haryt möçberleriniň artmagy gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegini we olaryň sazlaşykly ýerine ýetirilmegini, ýük akymlarynyň päsgelçiliksiz hereketi üçin amatly şertleriň döredilmegini kesgitleýär.

Şu maksatlar bilen, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we bir ülňä getirmek boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýar. Bu ulgam, eksport, import we üstaşyr geçirilýän harytlaryň elektron usulda gümrük taýdan resmileşdirilmegini göz öňünde tutýar. Bu ulgamyň doly işe girizilmegi bilen gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilişiniň wagty hem-de olara gerek bolan çykdajylaryň möçberi hem birnäçe esse azalar.

 

Hytaý 300 sany uçar satyn alýar

Ýene-de okaň

“Rosatom” Gyrgyzystanda ýel energetika taslamasyny durmuşa geçirer

Özbegistan Türkmenistandan 21,6 million kWt/sagat elektrik energiýasy satyn aldy

Ata Watan Eserleri

Owgan ministri: ähli owganlar TOPH taslamasyny goldaýar

Dünýäde tebigy gazyň önümçiligi 2.8 göterim artar

Türkmenistanda hususy kärhana ilkinji gezek önümçilikde Gün energiýasyny ulanar

Türkmenistan Russiýa tebigy gaz ibermekdäki şertnamany doly ýerine ýetirdi