JEMGYÝET

Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýy açylyp ulanmaga berildi

Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Aşgabat ajaýyp binagärlik sazlaşygy bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen gün-günden gözelleşýär. Şäher düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şonuň netijesinde, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary halkara ölçeglere kybap gelýän amatlyklar we oňyn şertler bilen üpjün edilýär. Soňky ýyllarda gözel paýtagtymyzda etraplar tutuşlygyna döwrebaplaşdyryldy. Täze iri ýaşaýyş toplumlary kemala geldi we durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar guruldy.

Hormatly Prezidentimiziň çözgüdine laýyklykda, bar bolan ýaşaýyş jaý goruny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, diňe bir ýaşamak üçin oňaýly bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlary däl-de, eýsem, ýokary amatlykly, durmuş şertleri doly üpjün edilen kottej görnüşli az gatly ýaşaýyş jaýlary hem gurulýar. Bu bolsa raýatlaryň ýokary hil talaplaryna bolşy ýaly, ýaşaýjylaryň şahsy isleglerine laýyk gelýän jaýlary saýlamaga bolan şertleriniň has-da artmagyna mümkinçilik berýär.

Ýene-de okaň

Gurluşyk we binagärlik ministrligine “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Pagta ýygymçy we Pagtaçy.”. hünârleri sanawa goṣuldy

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Amerikan Merkezinde “Ylmy lageri”geçirilýär.

Ata Watan Eserleri