JEMGYÝETSPORT

Çempionlar ligasy täzeden başlaýar

Futbol äleminde tomaşaçylaryň, şeýle hem futbolçylaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan çempionatlaryň içinde birinji hasaplanylýan Çempionlar ligasy ýetip geldi. Çempionlar ligasynyň 1/8 tapgyr duşuşyklary şu hepdäniň sişenbe, çarşenbe günleri başlaýar. Mundan beýläk-de, ýagny final duşuşygyna çenli güýçli toparlar nobatdaky tapgyra çykmak üçin, topara üstünlik getirmek üçin bar güýjüni orta goýarlar. Sebäbi her bir oýunçynyň, tälimçiniň, hat-da toparda zähmet çekýän işgäriň iň uly islegi Çempionlar ligasynyň kubogyna mynasyp bolmakdan ybarat bolup durýar. Bu hepdede jemi 4 duşuşyk geçiriler.

Biz bolsa futbol janköýerlerimizi şu hepdede Çempionlar ligasynda geçiriljek duşuşyklaryň tertibini tanyşdyrmagymyzy makul bildik:

Sişenbe güni geçiriljek oýunlar:

“RB Leýpsig – Liwerpul” (00:45)

“Barselona – PSŽ” (00:45)

Çarşenbe güni geçiriljek oýunlar:

“Porto – Ýuwentus” (00:45)

“Sewilýa – Borussiýa Dortmund” (00:45)

 Gysgaça bu duşuşyklar hakynda…

RB Leýpsig Liwerpul

“RB Leýpsig” topary gynansakda bu duşuşygy öz meýdançasynda geçirip bilmeýär. UEFA guramasy bu duşuşygy Budapeşt şäheriniň Puşkaş stadionynda geçirmeli diýen karara geldi. Gurama toparlara beren razylyga özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

“Barselona – PSŽ

Bu duşuşyk “Nou Camp” stadionynda geçiriler. “Barselona” toparynyň tälimçisi oýundan öň, duşuşykda ýeňiş gazanmak üçin Messiniň üstünlikli çykyşy zerur bolar diýip belleýär. “PSŽ” toparynyň düzüminde bolsa uly ýitgiler bar. Duşuşykda topara Neýmar we Di Maria ýaly professional oýunçylar, ýagny oýuny üýtgedip biljek oýunçylar kömek edip bilmez. Sebäbi olaryň şikesleri bar.

Porto Ýuwentus

“Porto” topary ýerli çempionatda deňme-deň oýnady. “Ýuwentus” topary bolsa myhmançylykda “Napoli” toparyndan asgyn geldi. Ronaldo duşuşykdan soňra topardaşlaryna hiç hili ýagdaýda ruhdan düşmezligi aýtdy we topar bar güýjüni Çempionlar ligasynda görkezmelidigini aýdyp geçdi.

Sewilýa Borussiýa Dortmund

“Borussiýa Dortmund” toparynyň hüjümçisi Erling Holland toparçadaky soňky iki duşuşygynda meýdança çykyp bilmedigine garamazdan, ol Çempionlar ligasynyň ähli duşuşyklarynda tapawutlanan oýunçy rekordyny goramak isleýär. “Sewilýa” topary hem öz meýdançasynda üstünlikli çykyş edýän toparlaryň biri hasaplanylýar. Ispaniýanyň Şa kubogynda almak babatynda geçirilen duşuşykda 2:0 hasaby bilen “Barselona” toparyny hem ýeňmegi başardy.

 

Linkler

 

 

Ýene-de okaň

Gurluşyk we binagärlik ministrligine “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Pagta ýygymçy we Pagtaçy.”. hünârleri sanawa goṣuldy

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi