JEMGYÝET

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyň tertibi

2022-nji ýylyň maý — sentýabr aýlary aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyň tertibi çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýerli metbugatda bildiriş ýerleşdirildi.

DYNÇ ALMAGYŇ TERTIBI

  • «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almak üçin isleg bildiren raýatlar syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişliligi boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýerli edaralaryndan degişli myhmanhananyň ady, salgysy bellik edilen (bron edilen) ýollamanamalary almalydyrlar.
  • Raýatlar ýollamanamalary alanlaryndan soňra, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite nokatlarda (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy ikinji sanjymyny alandan soňra, üçünji (buster) sanjymy bellenilen wagtynda sanjylýar we şol nokatlardaky Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekillerine ýa-da migrasiýa gullugynyň edaralaryna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gitmeklige rugsatnama almak üçin ýüz tutmalydyrlar.
  • «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky hususy eýeçilige degişli kottejleriň eýeleri we olaryň maşgala agzalary hem-de myhmanhanalaryň otaglarynyň hususy eýeleri we olaryň maşgala agzalary üçin ýollanma haty talap edilmeýär. Olara eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamalar esasynda, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite nokatlarda (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy ikinji sanjymyny alandan soňra, üçünji (buster) sanjymy bellenilen wagtynda sanjylýar we şol nokatlardaky Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekillerine ýa-da migrasiýa gullugynyň edaralaryna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gitmeklige rugsatnama almak üçin ýüz tutmalydyrlar.
  • Dynç alşa gitmek üçin isleg bildirýän, 18 ýaşdan uly raýatlardan COVID-19-a garşy üçünji (buster) sanjymyň edilendigini (ýa-da olaryň bu sanjymy almaga degişli däldigini), soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19-a barlagdan geçendigini tassyklaýan resminama talap edilýär. 18 ýaşa çenli raýatlara bolsa soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 boýunça barlagdan geçendigini tassyklaýan resminama zerurdyr.
  • «Awaza» şypahanasynda dynç almak üçin raýatlara şahsyýetini tassyklaýan pasportynyň, raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýlerinden berilýän, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň edaralary tarapyndan tassyklanan şypahana kartasynyň, COVID-19-a barlagdan geçendigi barada kepilnamasynyň, şeýle hem COVID-19-a garşy iki sanjymy alandygy barada ýa-da üçünji (buster) sanjymyň edilendigini tassyklaýan resminamanyň esasynda şypahana barmaga we onda dynç almaga rugsat berilýär.
  • Dowamly kesellerden ejir çekýän we dürli gaýraüzülmeleri bar bolan raýatlar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Awaza» şypahanasynda dynç almagy meýilleşdirýän bolsalar hem-de olar degişli tertipde keseliň öňüni alyş sanjymyny almaly bolsalar, hökman maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşmalydyrlar.
  • Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri raýatlaryň dynç alşa gidýän senesi barada bellik edip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gitmek üçin rugsatnamany resmileşdirýärler.

Mähriban ildeşler, dynç alşy meýilleşdireniňizde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Awaza» şypahanasynda dynç alşy guramagyň tertibine laýyklykda, hemme resminamalaryňyzy doly we dogry jemläň! Tomusky dynç alyş möwsüminiň her bir pursady saglygyňyza saglyk goşsun!

Saglygyňyza paýhasly çemeleşiň, bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý edip, netijeli dynç alyň!

«Awaza» millisyýahatçylykzolagyndadynç alyş döwründe — 2022-nji ýylyň maý — sentýabraýlaryaralygyndailatyň arasyndadynç alyş möwsümibilenbagly ýüze çykýansowallarajogapbermekboýunçaAşgabat şäherindewewelaýatlarda şuaşakdakygyzgyn telefonbelgileridöredildi:

Aşgabat şäheri boýunça (+99312) 93-82-45,

Ahal welaýaty boýunça  (+993137) 36-1-92,

Balkan welaýaty boýunça (+993222) 6-03-95, 6-04-55,

Daşoguz welaýaty boýunça (+993322) 2-53-53,

Lebap welaýaty boýunça (+993422) 3-10-24,

Mary welaýaty boýunça (+993522) 4-42-53.

 

Türkmenistanyň Prezidenti “Dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň goşgulary gruzin diline terjime edildi

Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabaralar ýokary derejede geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr bagyndaky näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Moskwadaky harby ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Fransuz çöregi bilen Ginnesiň rekordy

Şu gün 9-njy maý – Ýeňiş güni