JEMGYÝET

Käbir awtobuslaryň gatnaw ugry üýtgeýär

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 8-nji maýyndan, 1-nji Awtokombinat-Howa menzili, 23-nji Parahat-7 – Gurtly hem-de 38-nji Awtokombinat-Teke bazar ugry boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

1-nji Awtokombinat — Howa menzili ugry boýunça gatnaýan awtobus Awtokombinat belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Nyýazow şaýoly- Ankara-Oguzhan köçeleri-Türkmenbaşy şaýoly-Atatürk-Oguzhan köçeleri-Garaşsyzlyk-A.Nyýazow şaýollary bilen hereket edip, Howa menzili belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna, A.Nyýazow-Garaşsyzlyk şaýollary-Oguzhan köçesi – S.Türkmenbaşy şaýoly-Atatürk-Oguzhan-Ankara köçeleri-A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, Awtokombinat belleniş nokadyna gelýär.

23-nji Parahat-7 – Gurtly ugry boýunça gatnaýan awtobus Parahat-7 belleniş nokadyndan ugraýar hem-de 10 ýyl Abadançylyk-Ankara köçeleri-A.Nyýazow şaýoly-Andalyp-Görogly-Taslama köçeleri-Gurbansoltan eje şaýoly bilen hereket edip, Gurtly belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna, Gurbansoltan eje şaýoly-Taslama-Görogly-N.Andalyp köçeleri-A.Nyýazow şaýoly-Ankara-Oguzhan-A.Garlyýew köçeleri bilen hereket edip, Parahat-7 belleniş nokadyna gelýär.

38-nji Awtokombinat-Teke bazar ugry boýunça gatnaýan awtobus Awtokombinat belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Nyýazow şaýoly-Ankara-10 ýyl Abadançylyk köçeleri-S.Türkmenbaşy şaýoly-Oguzhan- N.Andalyp-Galkynyş köçeleri-S.Türkmenbaşy-Magtymguly-Bitarap Türkmenistan şaýollary-D.Azady-A.Gowşudow köçeleri bilen hereket edip, Teke bazar belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna, M.Kaşgarly-D.Azady köçeleri-A.Nyýazow şaýoly-Görogly-A.Nowaýy köçeleri-Magtymguly- S.Türkmenbaşy şaýollary-Galkynyş-N.Andalyp-Oguzhan köçeleri- S.Türkmenbaşy şaýoly-10 ýyl Abadançylyk-Ankara köçeleri-A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, Awtokombinat belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-60-30, 28-60-80.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranda iş saparynda bolar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Owganystanyň diplomatyny tassyklaýan resminamany gowşurdy

Gurluşyk we binagärlik ministrligine “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Pagta ýygymçy we Pagtaçy.”. hünârleri sanawa goṣuldy