SIZDEN GELENLER

Halkara parahatçylyk güni

Parahatçylyk, ynanyşmak ýaly ýörelgeler bu günki günde dünýä ýüzüne ýaň salýar. Her ýylyň 21-nji sentýabrynda «Halkara parahatçylyk güni» ady bilen bellenilýän halkara gün hem munuň aýdyň mysalydyr. Geliň, bu halkara gününiň gelip çykyş taryhyna ýüzleneliň!

Halkara parahatçylyk güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1981-nji ýylyň mejlisindäki karary bilen döredilýär. 1982-2001-nji ýyllar aralygynda bu halkara güni sentýabr aýynyň üçünji sişenbesinde bellenilip geçildi. 2001-nji ýyldaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary netijesinde, her ýylyň  21-nji sentýabry Halkara parahatçylyk güni hökmünde bellenilýär. Halkara parahatçylyk güni her ýyl bir at astynda  geçirilýär. Mysal hökmünde geçen ýylda «Dünýäni bilelikde şekillendirmek» ady bilen geçirilen halkara gününi aýdyp geçmek bolar. Şu ýylyň halkara gününiň şygary bolsa, «Deň we durnukly dünýä üçin sagalmak» diýlip atlandyrylýar.

Halkara parahatçylyk gününiň maksady ýer ýüzünde asudalyk, ynanyşmak ýaly ýörelgeleri wagyz etmekden ybarat bolup durýar. Goý, parahatçylyk we ynanyşmak bütin dünýäde mundan beýläk hem dabaralansyn!

Aýlar Atajykowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

 

25-nji sentýabrda Halk Maslahaty geçiriler

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr