TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
turkmenmaglumat.comÝazyjylar,Şahyrlar

Döwletgeldi Ökdirow

  • Ýazyjynyň ady we familiýasy: Döwletgeldi Ökdirow
  • Doglan ýeri: Magtymguly etrabynyň Könekesir obasy
  • Doglan senesi: 1939-njy ýylyň 23-nji maýy
  • Aradan çykan senesi: 1990-njy ýylyň 2-nji ýanwary
  • Bilimi: Magtymguly etrabynyň Könekesir obasyndaky 5-nji orta mekdebi, 1956-1961-nji ýyllarda (häzirki) Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini tamamlaýar. 1964-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasyna aspirantura okuwa girýär we 1967-nji ýylda ol nusgawy şahyrymyz Şeýdaýynyň «Gül-Senuber» dessany boýunça alymlyk derejesini goraýar.
  • Gysgaça maglumat:

    Döwletgeldi Ökdirow 1961-nji ýylda uniwersiteti gyzyl diplom bilen tamamlaýar we zähmet ýoluna Türkmenistanyň teleradio ministrliginiň edebi-drama bölüminde redaktoryň orunbasary wezipesinden başlaýar. Ol alym, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynda ylmy işgär, Türkmenistanyň Bilim ministrliginde inspektor, Mugallymlary kämilleşdiriş institutynda kafedra müdiri wezipelerinde işledi. 1984-nji ýyldan tä ömrüniň ahyryna çenli Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň psihologiýa kafedrasynyň dosenti bolup işleýär hem-de şol institutyň partiýa guramasynyň ýolbaşçy wezipesini-de alyp barýar. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Döwletgeldi Ökdirow ussat bagşy, ençeme ajaýyp aýdymlary döreden mukamçy kompozitor. 1992-nji ýylda ol «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ada mynasyp bolýar, şeýle hem şol ýyl onuň adyny ebedileşdirmek maksady bilen okan mekdebi «Döwletgeldi Ökdirow adyndaky orta mekdebi» diýlip atlandyrylýar.

  • Döredijiligi:

    Döwletgeldi Ökdirowyň «Toý aýdymy», «Guba gazym», «Garyp», «Maral», «Bibijan», «Sumbaryň nary», «Pyragyny gören daglar», «Türkmenistan», «Aý dogan çagy», «Istemen», «Sözlerim», «Gyratym girse meýdana», «Uz eýlär», «Deňiz guşum» we başga-da halk aýdym derejesine ýeten ajaýyp aýdymlaryny diňläniňde-de, onuň özboluşly ýol goýan ussat bagşydygy, sazandadygy düşnükli. Ýöne onuň döredijiligi, ýerine ýetirijilik ussatlygy, belent adamkärçiligi barada meşhur halypalaryň ýokary baha berip aýdan sözlerinden, onuň döredijiligi hakynda kän zatlara göz ýetirip bolýar. Ynha, oňa käbir mysallar. Kompozitor, SSSR-iň halk artisti, professor Aşyr Kulyýew: «Döwletgeldi Ökdirowyň döreden «Zülpüň» aýdymynyň sazy ýöne bir saz däl-de, giden bir epopeýadyr!» diýýär. Meşhur sazanda Pürli Saryýew: «Döwletgeldi Ökdir ogly hem bagşydyr, hem ýagşydyr. Şu ömrüme hiç kime pata beren däldirin, saňa welin «Ak pata» berýärin, halkyň dilinde, sazyň yzynda bol!». Sahy Jepbarow: «Döwletgeldi, seniň diňe «Zülpüň» diýip döreden aýdymyň alymlyk derejesine mynasypdyr. Sen diňe aýdan aýdymlaryň bilen tanalarsyň, döreden aýdymlaryň bilen baky ýaşarsyň!». Muhy bagşy: «Maňa ýaş bagşylardan ahyry köňlümiň islän bagşysyny diňlemek 90 ýaşymda nesip etdi, ol bagşy Döwletgeldi Ökdirowdyr. 1970-nji ýyl.»

    Döwletgeldi Ökdirowyň aýdan aýdymlary häzirki günlerde hem teleradio ýaýlymlaryň arhiw ýazgylary arkaly halka ýetirilýär. Onuň aýdan aýdymlarynyň 20-den gowragy öz döreden aýdymlarydyr. Ol aýdymlaryň arasynda nusgawy şahyrlarymyzyň şeýle hem döwrümiziň tanymal şahyrlarynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlar bar.

  • Çeşme: (Döwletgeldi Ökdirowyň nesil daragty, ömri we döredijiligi hakda maglumatlar) Sazçylyk we sungat mekdepleri üçin okuw gollanmasy, Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2010
  • Taýýarlan: Akgül SAPAROWA.
  • Taýýarlanan senesi: 07/06/2022

Ýene-de okaň

Mämmet Seýidow

Gülnar Orazgylyjowna Nuryýewa

Togrulbeg Hallyýewiç Artykow

Ata Watan Eserleri

1 teswir

Guýç 2022-10-24 at 15:32
Sogap işler

Höwrü köp bolsun

Teswirle