SIZDEN GELENLER

Nohut – peýdaly kösükli ekin

Oba hojalyk ekinleriniň arasynda giň gerim bilen ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň biri hem nohutdyr. Ony dürli görnüşleri tagamlary taýýarlamakda giňden peýdalanylýar.

Nohudyň kökünde ýorunjada bolşy ýaly azot toplaýjy bakteriýalar bardyr. Şonuň üçin hem ol ekerançylykda ýerleri gurplandyryjy ekin hasaplanylýar.

Bu kösükli ekiniň adam saglygyna peýdaly taraplaryny hünärmenler hem belläp geçýärler. Onda magniý, kaliý, kalsiý, sink, marganes, mis, fosfor, tiamin, ýod, E we B1 witaminler bardyr. Nohutdaky mikroelementleriň her biri adam bedeni üçin peýdalydyr.

Nogudyň 100 gram iýmitlik gymmaty onuň ter we ondan dürli görnüşli tagamlar taýýarlanylanda üýtgeýär. Mysal üçin täze önümde – 55 kkal, nohut püresinde – 177 kkal, gaýnadylan nohutda – 66 kkal, konserwirlenen nohutda – 38 kkal we guradylanda bolsa 298 kkal-a deňdir.

100 gram nohudyň düzüminde 20,5 gr belok, 2 gr ýag, 49,5 gr uglewodlar, 11,2 gram süýüm, 14 gram suw we krahmal bardyr.

Nohut böwreklerde döreýän duzy aýyrýar. Şeýle hem ol holestriniň azalmagyna getirýär, bedendäki toksinleri aýyrýar we ýüregiň işleýşini kadalaşdyrýar.

Bu kösükli ekin adamyň iş öndürijiligni ýokarlandyrýar, bedeni energiýa bilen üpjün edýär.

Nohut diňe bir azyklyk maksatlar üçin peýdalanylman eýsem ol kosmetologiýada hem giňden peýdalanylýar. Hususan-da ol deriniň owadanlygyny saklaýar we ony arassa saklamaga ýardam berýär. Nohudyň kosmetologiýada ulanylmagy E we B1 witaminleriň bolmagy bilen baglanyşyklydyr.

Alymlar bişirilen nohudy iýmegiň täzeleniş proseslerine itergi berýändigini we düwnük çişleriniň döremek howpuny azaldýandygyny anykladylar. Mundan başga-da, gaýnadylan nohut iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, ýürek bulanmanyň, iç gatamanyň hem-de aşgazan-içege ulgamynda ýüze çykýan näsazlyklaryň öňüni alýar.

Çaryýewa Maýsagül

TOHU-nyň mugallymy

«EXPO 2020 Dubaý» halkara sergisi başlaýar

 

Ýene-de okaň

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti

Okatmakda innowasion usullaryň we daşary ýurt dilleriniň täsirleri

Magtymguly Pyragy – döwürleriň şahyry

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy