TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Marsdan täze gaýa nusgasy

NASA-nyň Mars planetasyna ýollan “Perseverance” kosmos enjamy ýene-de ilkinjiligini edip, gyzyl planetadan ilkinji gaýa nusgasyny aldy.

ABŞ-nyň milli awiasiýa we kosmos gullugy (NASA) kosmos enjamyndan alnan maglumatlaryň Marsdan ilkinji gaýa nusgasynyň üstünlikli alnandygyny görkezýär.  Bu nusgalaryň alymlara, milliardlarça ýyl ozal gyzyl planetada ýaşaýşyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamaga kömek etmegine garaşylýar.

Marsa iberilen kosmos enjamlaryň arasynda iň ösen tehnologiki aýratynlyklara eýe bolan “Perseverance”  gyzyl planetadaky täze wezipesini durmuşa geçirmek üçin infrastruktura işlerine 2,4 milliard dollar, ony dolandyrmak we gonmagy mümkin edýän ulgam üçin bolsa 300 million dollar sarp edildi.

Bu enjam 2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda Mars planetasyndaky Jezero kraterinde gondurylypdy we ol ilkinji gezek awgust aýynyň başynda nusga ýygnamaga synanyşdy, ýone gaýa nusgasy buraw işleri wagtynda döwüldi. Ikinji synanyşygy üçin kosmos enjmanyny başga bir ýere süýşürmeli boldy we nusga ýygnamak işi 1-nji sentýabrda başlandy. NASA ýakyn wagta wirtual metbugat brifingini geçirer we onda “Perseverance” enjamynyň gaýa nusgasyny üstünlikli toplamagy babatda maglumat berer.

Ukrainada kriptowalýuta ulanmaga mümkinçilik döreýär

 

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle