SIZDEN GELENLER

Mähirli zenan ömre dowam

Ýakynda, şanly Garaşsyzlygymyzyñ 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda sergi geçirildi. lki gün dowam eden serginiň dowamynda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Biz hem  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen bu geçirilen sergä gatnaşdyk. Ol ýerdäki sergä gatnaşyjylar bilen bolan söhbetdeşligimizi size ýetirýäris.

Ogulgerek Ataýewa, “Mähirli zenan” hususy kärhanasynyň satyjysy:

– “Mähirli zenan” atly milli egin-eşikler kärhanasy 2019-njy ýylda esaslandyrylýar. Bu ýerde zähmet çekýän zenanlaryň öz elleri bilen ýerine ýetiren önümleri müşderileriň buýurmalary boýunça ýerine ýetirilýär. Biziň zähmet çekýän hususy kärhanamyzda birnäçe işçiler zähmet çekýär. Biz öndüren önümlerimiz ýurdumyzyň ähli künjegindäki söwda dükanlaryna iberilýär. Kärhanada zähmet çekýän işgärler donlaryň, çabytlaryň, kürteleriň, gyňaçlaryň ýüzüne milli nagyşlary ezberlik bilen tikýärler. “Mähirli zenan” hususy kärhanasy häzirki wagtda “Dilber” hususy kärhanasy bilen bilelikde bir nyşan astynda öýmeleriň dürli görnüşlerini öndürmegi ýola goýdy. Şeýle-de biziň hususy kärhanamyzyň önümleri ýurdumyzda geçirilýän görkezme bäsleşiklerinde birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardy. Biz hem gelejekde kärhanamyzyň gerimini barha artdyryp, mähirli zenanlarymyzyň isleglerine laýyk önümleriň döwrebap görnüşlerini öndüreris.

Taýýarlan Gurbanjemal  Ödegurbanowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Aýdyň gijelerde ösüşler güýç alýar

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragy – döwürleriň şahyry

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk