Aýdyň gijelerde ösüşler güýç alýar

21-22-nji sentýabrda Türkmenistanyň söwda we senagat edarasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli köpugurly sergi guraldy. Oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlet böleginiň düzümleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiňTürkmengaz, Türkmenhimiýa döwlet konsernleriniň,  Döwlet haryt-çig mal biržasynyň we beýleki ulgamlarynyň, hususy pudagynyň wekilleri, şeýle-de,  Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýokary derejede guralan bu sergide meşhur “Aýdyň gijeler”, Çigildem, Aýbölek, Ak Bulut Gala, Mähirli zenan we beýlekiler öz önümleri hem-de hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar. Hususy pudak daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligini giňeltmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, bäsleşige ukyply önümçilikleri ösdürmekde  ähmiýetli orun eýeleýär. Sergide olardan “Aýdyň gijeler” hususy hojalyk kärhanasy esasy ünsi çekdi. Biz hem institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplaryndan ybarat bolan döredijilik toparymyz bolup, sergä tomaşa etdik we bu hususy kärhananyň işgärleri bilen söhbetdeş bolduk.

 Samira Gadamowa. “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň işgäri.

Biziň bu “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetimiz 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik ministrligi bilen bilelikde döredildi. Ol ilkibaşda durmuş we senagat otaglary üçin ýagtylandyryjy diodly yşyklandyryjy lampalaryny öndürmek bilen işe başlady. Olaryň kuwwatlylygy 40-dan 240 watta çenli bolup, ýagtylygyň ekologiýa taýdan arassa çeşmeleri bilen ýurdumyzyň ähli desgalaryny üpjün edýär. Häzirki wagtda smart telefonlary, sowadyjylary, kompýuter enjamlary, 32 dýuým, 42 dýuým, 55 dýuým we 65 dýuým bolan smart telewizorlary we beýleki ýokary tehnologiýalary öndürip, halkymyza hödürleýäris. Şeýle hem 2019-njy ýyldan bäri 1-nji synpa baran okuwçylara “elektron kömekçileriň” müňlerçesini, häzirki zaman ýagtylandyryş enjamlarynyň işini ýerine ýetirýän 60×60, 40×40, 30×30 santimetr ölçeglerdäki asylýan göwrümli LED-potoloklaryny öndürýäris. Bu telewizorlarda Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýaş alymlar merkeziniň hünärmenleri tarapyndan düzülen programmany ulanmak meýilleşdirilen IP-týunerler hem ornaşdyryldy. Ýeri gelende esasy bellemeli zatlaryň biri-de, döredilenine ýaňy 5 ýyl bolandygyna garamazdan, biziň hojalyk jemgyýetimiz daşary ýurtlaryň ençemesi bilen işjeň gatnaşyklary hem ýola goýdy. Türkmen markalary bilen öndürýän bu ýokary derejeli önümlerimizi Indoneziýa, Russiýa, Turkiýe, Gazagystan ýaly birnäçe ýurtlara eksport edýäris.

Geljekde biziň hojalyk jemgyýetimizde “Teşne” ady bilen suw sowadyjy we ýyladyjy enjamlaryň, şeýle hem planşetleriň täze görnüşlerini öndürmegi maksat edinýaris.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde daşary ýurt kompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlyk saklaýan iri türkmen kompaniýalarymyz özleriniň ýokary hilli önümlerini halkymyza hödürlemegi, bagtyýar ilimizi begendirýär.Bularyň ählisi asuda, erkana we parahat durmuşymyzdan, bolelin ýaşaýşymyzdan nyşan. Şeýle sergidir, dabaralaryň, taryhy ähmiýetli wakalaryň  belli bir senelere baglanyşlanyp geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady, syýasy ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna her bir edara-kärhanalar özleriniň zähmet üstünlikleri bilen gelýärler. Biz hem özümiziň täze öndüren ýokary derejeli önümlerimizi bu şanly toýumyza sowgat hökmünde taýýarladyk. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda erkin, hususy telekeçiligi ösdürmek babatda birnäçe maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Elbet-de, munuň özi biziň öz zähmet çekýän kärimize bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy, eziz halkymyzy Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýüregmizden gutlaýarys!

Halkyny baky bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun! Tutýan beýik maksatly tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

                                                                                       Tawus Akjaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

 

BMG-niň Baş Assambleýasy: «C5+1» formatyndaky onlaýn duşuşyk

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik ulag üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, “Awtomobil Ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gysgaça 0555 belgä jaň edip taksi sargamak hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada "www.awtoulag.gov.tm" internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik ulag üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, “Awtomobil Ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gysgaça 0555 belgä jaň edip taksi sargamak hyzmatyny ýola goýdy. 0555 gysga...
2022-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlary üçin Olimpiýa alawy ýakyldy. Bu çärä Gresiýanyň gadymy Olimpiýa sebitinde bolup geçdi. Olimpiýa oýunlarynyň alawy Gera hudaýynyň gadymy ybadathanasynda Gün şöhleleri esasynda ýakyldy. Soňra Olimpiýa alawy Afina eltiler we 19-njy oktýabrda Afinadaky "Panatinaikos" stadionynda Hytaýyň wekiliýetiniň agzalaryna gowşurylar. Bu dabara koronawirus pandemiýasy sebäpli tomaşaçysyz geçiriler. Oňa Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakellaropulu,...
Dünýäniň iň gurply gyzjagazy kimkä? Habaryňyz barmy? Munuň jogabyny uzak ýerden däl-de, karollyk maşgalasyndan gözlemeli. Asyl, Beýik Britaniýanyň şazadasy Uilýamyň we gersoginýa Keýt Middltonyň gyzy melike Şarlotta dünýäniň iň baý gyzjagazy eken. Ol degişli sanawda aýdymçy Beýonseniň gyzy Blu Aýwi Karteri we Kim Kardaşýanyň gyzlary Nort we Çokagony yzda galdyrdy. 6 ýaşly gyzjagazyň miras paýy 5 milliard amerika dollaryna deň. Şarlottanyň...
Ýanwar aýynyň sowuk bir gününde, Waşingtonyň metro bekedinde bir adam egilip, skripka çalmaga başlaýar. Ol adam 45 minutda dünýä belli kompozitor Bahyň eserlerinden 6-syny çalýar. Säher bilen 1100 töweregi adam menziliň hyzmatyndan peýdalanýar. Üç minut geçýär we orta ýaşly bir adam sazandanyň skripka çalýandygyny görýär. Ol haýallap, birnäçe sekunt saklanýar we soň etjek işlerinden yzda galmazlyk üçin howlugyp ýöräp...
Koronawirus (Covid-19) garşy sanjymlary işläp düzen kompaniýalar “BioNTech / Pfizer” we “Moderna” 2021-nji ýylda satuwyny takmynan iki esse artdyrar. Öňümizdäki ýyl “Covid-19” sanjym bazarynda has köp sanjym satylyp, täze çaklamalara görä, 93,2 milliard dollar girdeji gazanylar. “Financial Times” neşiriniň habaryna görä, indiki ýyl “BioNTech / Pfizer” 54,5 milliard dollar, “Moderna” 38,7 milliard dollarlyk “Covid-19” sanjymlaryny satar. “SWB” maýa goýum bankynyň maglumat analitigi...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
886FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar