SIZDEN GELENLER

Halkara durnalar güni

Durnalar tebigatyň ajaýyp bir bölegi hasaplanylýar. Eýsem, durnalaryň halkara gününiň bardygy barada bilmeýänlerimiz hem bar bolsa gerek?!

Halkara durnalar güni her ýylyň 13-nji sentýabrynda bellenilip geçilýär. Bu halkara güni ilkinji gezek 2002-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bellenildi. Şondan soňra halkara durnalar güni BMG-nyň halkara günleriniň hataryna goşulýar. Halkara durnalary goramak gaznasy tarapyndan 2020-nji ýyl «Bütindünýä durna ýyly» diýlip yglan edildi. Russiýanyň guşlary goramak bileleşigi bolsa, çal durnany 2020-nji ýylyň guşy hökmünde saýlap aldy.

Durnalar dünýäniň birnäçe döwletlerinde, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýarlar. Biziň ýurdumyzda ýaşaýan durnalar güýz aýlarynda Garagum derýasynyň we beýleki suw howdanlaryň töwereginde bolup, howa sowap ugranda gyşlamaga günorta göçýärler. Türkmen halkynda «Gaz geçse, gapyňy aç, durna geçse, duluňy ýap» diýen nakyl hem ýöne ýere döremändir.

Durnalar barada gyzykly maglumatlar:

  1. Durnalar dünýäniň uçup bilýän iň uly guşy hasaplanýar.
  2. Durnalaryň boýunyň uzynlygy 70 santimetrden 170 santimetr aralygynda bolýar.
  3. Guşlaryň täsin görnüşi bolan durna erkinlikde 20 ýyl, kapasada 80 ýyl ýaşap bilýär.
  4. Olaryň höwürtgesiniň diametri birnäçe metre ýetip bilýär.
  5. Durnalar agaçlaryň şahasynda oturyp bilmeýärler.

Aýlar Atajykowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby

Rekord girdeji! 472 500 dollara durýan ak laçyn

Ýene-de okaň

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk