MEDENIÝET

Guşak barada…

Guşak dogrusynda çeper edebiýatda, halk döredijilik eserlerinde köp agzalýar:

Egniňe eşik ýaraşar,

Biliňe guşak ýaraşar,

Ýoluňa paýandaz etsem,

Halydan düşek ýaraşar —

diýlip, monjugatdyda aýdylýar.

Geçmişdäki milli lybaslarymyz häzirki döwrüň geýimlerinden, esasan, iki görnüş boýunça tapawutlanýar: bir-ä olarda epleme ýaka bolmaýar, birem ilik dakmak mahsus däl. Öňki döwrüň geýimlerinde iligiň hyzmatyny bagjyk, guşak ýerine ýetirýär. Guşaklar taýýarlanyş aýratynlyklaryna, gymmatyna görä dürli-dürli atlandyrylypdyr. Bular barada mirasgär Şöhrat Abdyýewiň “Türkmenistan” gazetindäki makalasynda bellenilip geçilýär.

Olaryň şu aşakdaky görnüşleri bellidir:

Tirme guşak. Ýumşak sütükden dokalan matadan edilen guşak.

Biliňe tirme ýaraşar,

Saçyňa örme ýaraşar.

Şitde. Dür monjuklar düzülen ýüpden örülen guşak. Esasan-da, aýal-gyzlar guşanypdyr. Gymmat bahaly guşak.

Meni şitde kimin ora,

Biliňe gurban bolaýyn.

(«Nejep oglan»).

Gaýyş guşak. Gowy eýlenen deriden edilen guşak. Esasan, harby adamlara niýetlenen. Demirden tokalary bolupdyr. Gurply adamlar kemerleriniň tokalaryny altyndan, kümüşden hem edipdirler. Oňa başgaça «kemer» hem diýlipdir.

Bedew atly, bek kemerli, ýaragly

(Magtymguly).

Kendir guşak. Kendir ýüpden edilen ýönekeý guşak. Köplenç garyp adamlar, derwüşler guşanypdyrlar.

Garyp aýakýalaň,

kendir guşakdyr

(Magtymguly).

Gylýalyň guýrugyndan örülen guşaklaryň bolandygy barada-da maglumatlar duşýar.

 

9-njy sentýabrdaky howa maglumaty

 

Ýene-de okaň

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlarynyň ýazyjylarynyň duşuşygy

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlarynyň şygryýet agşamy

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygyk günine bagyşlanan tegelek stol geçirildi

“Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň nobatdakysy yglan edildi

Dünýäniň iň gymmat we iň uly muzeýi açyldy

Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasy dabaraly gowşuryldy