SIZDEN GELENLER

Gara turp hakynda…

Gara turp iki ýyllyklara degişli bolan dermanlyk ösümlikdir. Beýleki ikiýyllyk ösümlikler ýaly gara turp hem ösüşiniň birinji ýylynda ösüp miweli köküni, ikinji ýylynda bolsa gül we tohum emele getirýär. Baldagy gysga bolup, ondan ýokarlygyna uzyn ýapraklary aýrylyp gidýär. Gülleri ownuk, ak ýa-da açyk mämişi reňklidir. Tohumlary iri, açyk goňrumtyl reňkde bolýar. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde turpuň birnäçe sortlary ýetişdirilýär we olaryň arasynda gara turp saglyk üçin örän pedalylygy bilen tapawutlanýar.

Ýaýraýşy barada aýdylanda, gelip çykan ýeri Aziýa bolan gara turp irki wagtlardan bäri tanalýar, hatda gadymy müsürliler hem piramidalaryň gurluşygynda işleýänlere sarymsak bilen birlikde gara turpy bermekligiň olaryň sagdyn bolmagyna täsir edýändigini öňe sürüpdirler. Bulardan başga-da Ýewropa ýurtlarynda, Demirgazyk Amerikada we beýleki mylaýym howaly sebitlerde ösdürilip ýetişdirilýär.

  • Gara turpuň himiki düzümi.

Adaty turp bilen deňeşdirilende düzüminde efir ýaglaryny we glikozidleri köp saklaýandygy sebäpli tagamy turşumtyk bolýar. Kökünde belok, ýag, süýüm, şeker ýaly ýokumly maddalar, fermentler, karotinler, C hem-de B witaminler topary, kalsiý, kaliý, magniý elementleri, purin esaslary, organiki kükürtli birleşmeler, şeýle-de güýçli bakteriosid häsiýetli lizozim saklanýar.

  • Gara turpuň peýdaly häsiýetleri.

Bilşimiz ýaly, turpuň miweli köki we ýaş ýapraklary köp ýerlerde azyklyk hökmünde peýdalanylýar. Aslynda gara turpuň ähli böleklerini-de tebigy dermanlyk melhem hasaplasa dogry bolar. Gara turpuň şiresi bronhit, üsgülewük, sowuklama, ýürek, bagyr kesellerinde, öt haltasynyň näsazlyklarynda ulanylýan tebigy dermanlyk serişdedir. Onuň ter miweli köki iýilende iýmit siňdiriş ýollaryndaky mäzleriň funksiýasyny gowulandyrýar, aşgazan ýarasynyň emele gelmegini peseldýär. Şeýle-de ony aterosklerozy bejermekde, bedendäki artykmaç holesterini aýyrmakda ulanmaga hem maslahat berilýär. Ezilen gara turpuň tohumlary organizmdäki dürli täze döremeleri, ýaralary bejermekde antibakterial serişdedir. Halk lukmançylygynda gara turpuň şiresi bilen bal garylyp taýýarlanylan melhem üsgülewügiň bire-bir emidir.

                                                                                         Şasenem Baýramowa

TOHU-nyň 2-nji ýyl talyby

14-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk