TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

14-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan günüňize görä ýyldyzlaryňyzyň nämeler diýýändigini bilesiňiz gelse, size 14-nji sentýabr güni täleýnamaňyza görä maglumatlary hödürleýäris.

Mähriban okyjylar! Siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamal erkekleriniň köpüsi üçin iş saparlary we işiň tamamlanmagy üstünlikli bolar. Şahsy özüneçekijiligiňiz artar, bu hyzmatdaşlara we hatda hamallara duşman bolan adamlaryň-da göwnüne ýarar. Şahsy durmuşda garaşylmadyk öwrümiň bolmagy mümkin.

 

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Maliýe ýa-da hukuk meseleleri boýunça meseleler nerw stresine sebäp bolup biler. Ähtimal, hyzmatdaşlaryň garaşylmadyk hereketleri sizi iş wagtyndan artyk işlemäge mejbur eder, onuň netijesi bolsa, diňe hünärmenligiňize, işe ukyplylygyňyza bagly bolar.

 

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Öý işleri, ähtimal, yzagalaklyk bilen iş salyşmaly bolarsyňyz. Saglygyňyz bilen baglanyşykly kynçylyklar ähtimal. Nerw ulgamynyň keselleri hasam erbetleşip biler. Ýakynlaryňyzyň şahsy durmuşyna goşulmazlygy isleýän bolsaňyz, bu ýalňyş pikirdir. Iň ýokary aladany görkeziň.

 

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Ýitirilen gatnaşyklary dikeltmek üçin gowy gün. Geçmişde eziz we size ýakyn bolan adamlaryň ýene-de ýoluňyzda peýda bolmagy ähtimal. Geçmiş bilen baglanyşykly ýalňyşlyklary we düşünişmezlikleri düzedip bilersiňiz. Geljekdäki meýilnamalaryňyzy, pikirleriňizi öz içiňizde saklap, känbir olar barada gürlemezlige çalşyň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün täze başlangyçlar üçin amatly. Hereketleriň aýgytly we  öz wagtynda bolmagy zerurdyr. Uzak wagtlap şübhelenip gezýän bolsaňyz, mümkinçiligiňizi ýitirmek howpy abanýar. Intrigalardan ägä boluň. Siz üçin peýdaly boljak uly üýtgeşmeler bolup biler. Şahsy durmuşyňyzda garaşylmadyk ýakymly waka bolup geçýär. Söýgi meseleleriniň ýiti burçlaryny üstünlikli ýeňip geçjekdigiňize şek-şübhe ýok.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Passiw, asuda gün. Çynlakaý taslamalaryň durmuşa geçirilmegine garaşmalydyrys. Hyzmatdaşlardan we kärdeşlerden goldaw alyp bilersiňiz. Size kynçylyk döredýän zatlardan gaça duruň. Günortan çagalaryňyz bilen gürleşiň. Haýwanlar bar bolsa, olar bilen gezmek içki deňagramlylygy döretmäge kömek eder.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Maliýe ýagdaýynyň gowulaşmagy ähtimal: sowgada ýa-da amatly söwda garaşylýar. Has girdejili iş üçin teklip gelip biler. Romantiki duşuşygyň bolmagy ähtimal. Sizden söze garaşarlar, ýöne erkinligiňizi çäklendirip, durmuş gurmak bilen özüňizi çäklendirmäge, baglamaga taýyn däl bolsaňyz, ýakyn adamyňyza ýalan sözläp, ony köşeşdirmeli däl.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Islendik işde seresap we öňdengörüjilikli boluň. Ýadawlyk, azajyk näsazlyk duýulmagy ähtimal. Tötänleýin şowsuzlygyň uly ähtimallygy bar, netijede ýagdaýyňyz hasam erbetleşer. Näme diýseňiz we etseňiz seresap boluň. Ýakynlaryňyza biperwaýlyk maşgaladaky ýagdaýy düýpli üýtgedip biler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün ruhy özgerişler bilen tapawutlanar. Meselelere dogry baha bermek ukyby ýitileşer. Belki, ýakyn geljekdäki wakalary takyk ölçäp bilersiňiz. Dostlaryňyzyň biri bilen baglanyşykly meseläniň çözgüdini üstünlikli tapyp bilersiňiz. Düýşleriňiziň amala aşmagy ähtimal.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Ýokary derejedäki guramaçylyk we ýagdaýy düýpli seljermegi talap edýän işli gün. Maşgala ýa-da ýakyn garyndaşlaryňyz bilen baglanyşykly meseleler aradan aýrylmaýar. Şeýle-de bolsa, ähli dawa-jenjelleriň sebäbiniň öz häsiýetiňiz, aşa garaşsyzlyk islegiňizdigini, beýlekileriň içki meselelerine goşulyşmagyňyzdygyny biliň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Özüňe şübhelenmek, köp pikirlenmek, aldaw, zäherlenmek bilen tapawutlanan kyn we howply gün. Günüň negatiw meýillerini diňe ruhy we ahlak taýdan arassalamak arkaly azaldyp bolar. Ylahy güýçlere bolan ynamdan gaça duruň. Bu örän howply we erbet güýçleri özüne çekip biler. Aragatnaşygyňyzy çäklendiriň we uly karar bermäň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Nika, saglygyňyza seretmek, bejergi üçin amatly gün. Häzirki wagtda köp täze gyzykly tanyşlyk mümkinçiligini elden gidirmäň. Döredijilik hünärleriniň wekillerine öz ukyplaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik bolar. Batyrlygyňyz we gelýän kararlaryňyzyň garaşylmadyklygy töweregiňizdäki adamlary geň galdyrar. Şeýle-de bolsa, nätanyş adamlar bilen seresap boluň. Hut şu gün täze tanyşlaryň berjek ýaramaz netijeleri bolar.

Sowuk howada ýüzümize ideg etmek      

 

Ýene-de okaň

26-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

24-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

23-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle