Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)

Aýbölek Abdyrasulowa

«Watan» gazetiniň jemgyýetçilik we halkara gatnaşyklary bölüminiň redaktory. Aýbölek Abdyrasulowa Geldimyradowna 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetini tamamlady.

Häsiýeti

Sowurlar — akylly-başly, gürrüňçil, özüne ynamly, saza üşükli bolýarlar. Gülgüne reňki halaýarlar. Üstünlik getirýän daşy — Zümerret. Güli bolsa, bägül hasaplanylýar.

Sowurlar zähmetsöýer adamlar. Şeýle-de bu ýyldyzyň astynda doglan adamlar hem işde hem öýünde rahat ýaşamak we işlemek üçin ýerbe-ýerlikde şert döredýärler. Sowurlar sabyrly, çydamly. Agyr işlerde hem işlemäge ukyply. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar zähmetden gaçmaýarlar. Iň zähmetsöýer ýyldyz diýsek hem tüýs ýerlikli bolar.

Täzeçillige ýykgyn bolmadyk öküzçeler, täze ýerlere kynlyk bilen öwrenişýärler. Bolýan hadysalara oňyn syn bermegi we  seljermegi başarýarlar. Gözellikden lezzet alýarlar. Owadan geýinmegi, gözel ýaşamagy halaýarlar. Sowuryň artykmaçlygy — arzuwlary hasyl etmäge ymtylýarlar.

Özlerine kär saýlanlarynda sungat äleminden, bank işlerinden, şeýle-de telekeçilik işlerinden saýlaýarlar. Köplenç garşydaşynda ýakymly ýatlamalary galdyrýarlar. Maşgalada ýüze çykýan kynçylyklara çydamly. Elmydama oýlanyşykly pikirlenip, sabyrlylyk bilen meseleleriň çözgüdini tapmaga çalyşýarlar.

Kemçilikleri we artykmaçlyklary

 Sowurlar bir göräýmäge sabyrly, rahat adamlar bolsalar hem, kähalatlarda gaharyny, närazylygyny içinde saklaýan bolmagy hem ahmal. Olar gabanjaňdyrlar. Özüniň ýakynlaryny elmydama gözegçilikde saklaýarlar. Gybatdan daşdadyrlar. Başgalaryň hem özi hakyndaky pikirlerine üns berenoklar. Olaryň gatnaşyklary ýüzleýdir. Emma bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň tanyşlary köpdür. Tanyşlyk açmagy, gürrüňdeş bolmagy halaýarlar.

Öküzçeleriň arasynda psihologiýa ylmy bilen meşgullanýanlary hem gabat gelýär. Sebäbi olar töweregindäki adamlary duýmagy başarýarlar.  Ol — filosof we onuň öňdengörüjilik ukyplary hem ösen. Syýahatçylyk etmekden lezzet alýarlar. Sungaty halasalar hem, başga ugurlardan hem başy çykýar. Köplenç olar maddy taýdan üpjün bolýarlar. Zenan sowurlara düşünmek kyn.

Saglygy

 Bokurdak we boýun sowurlaryň gowşak ýerleridir. Üns berilmese, sowuklamak bilen bolýar. Şol sanda olar rahat bolmaga çalyşmalydyrlar. Sebäbi käbir öküzçeleriň nerw ulgamy gowşakdyr. Şol sanda bu ýyldyzyň astynda doglanlar semizlige ýykgyndyrlar. Şonuň üçin iýýän iýmitlerine üns bermelidirler. Şeýle-de galkan şekilli mäziniň sowuklamagynyň öňüni almak üçin sowuk içgileri içmeli däldirler.

 Söýgüde

 Sowurlar duýguçyl adamlar. Olara söýgüde gowulyk garaşýar. Kähalatlarda daşky görnüşi özüneçekiji bolmasa-da, kalbynda ol tüýs gyzlaryň arzuw edýän şazadasydyr.

Öküzçeler köplenç bagtly durmuş gurýarlar. Sebäbi söýgüde hem olar oýlanyşykly hereket edýärler. Olar köplenç «Men özüme laýyk söýgimi tapamok» diýýärler. Sebäbi bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň talaby güýçli. Talaplaryny ýerine ýetirip biljek ýyldyz az bolsa gerek. Emma olaryň gyzyklanmalaryna we garaýyşlaryna hormat goýulsa, bütin ömrüne bagtly maşgala gurup bilerler. Olar ýanýoldaş hökmünde sünbüle we hut ýyldyzynyň astynda doglanlary saýlasalar, hakyky söýgini duýarlar.

Gyzyklanýan ýurtlary

Ukraina, Şweýsariýa, Irlandiýa, Malaýziýa, Şwesiýa, Russiýa we adalar.

Meşhur sowurlar

 Rene Zellweger, Sadef Awji, Kristinna Riççi, Jandan Erçetin,Tugba Özaý, Şakira, Uma Turman, Odri Hepbern, Wiktoriýa Daýneko, Alina Kabaýewa, Jek Nikolson, William Şekspir, Lenin, Penelopa Kruz, Immanuil Kant, Salwador Dali, Al Paçino, Megan Foks, Zigmund Freýd, Dewid Bekhem, Karl Marks, Filipp Kirkorow.

 



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar