TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Dünýä ilaty garrap barýar

Hünärmenleriň pikirine görä, 2050-nji ýyla baryp dünýäde garry ilat ― 65 ýaşdan ulularyň sany iki esse artar, 1,5 milliarda ýeter.

Häzir garrylar dünýä ilatynyň 22 göterimini düzýär. BMG-nyň maglumatlaryna görä, garrylaryň esasy bölegi Aziýada, Ýewropada we Demirgazyk Amerikada ýaşaýar.

Umuman aýdanyňda, soňky onýyllykda dünýäniň ilaty köpeldi: 1999-njy ýylda 6 milliard ilat bardy, 2011-nji ýylda 7 milliard, 2021-nji ýylda 7,8 milliard.

1950-nji ýylda ömrüň ortaça dowamlylygy 46 ýaş bolan bolsa, 2010-njy ýylda bu görkeziji 68 ýaşa çenli ýokarlandy. 2019-njy ýyla gelip 65 ýaşdan uly adamlaryň sany 703 million boldy we olaryň 261 milliony Günorta we Gündogar Aziýada, 200 milliondan gowragy Ýewropada we Demirgazyk Amerika dogry geldi.

Häzir 60 ýaş we ondan ulularyň sany 1 milliarddan gowrak, olaryň köpüsi orta gatlakda we garyp ýurtlarda ýaşaýar. 1990-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1-nji oktýabr- Halkara Garrylar güni diýlip yglan edilipdir.

Özbegistandan oba hojalyk tehnikalary we himiýa önümleri satyn alnar

 

Ýene-de okaň

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýada saparda bolar

Baş Redaktor

Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna bagyşlanan maslahat

UNODC sebit wekili bilen duşuşyk

Teswirle