SIZDEN GELENLER

Baky bagtyň Watany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz taryhy özgerişlere beslenýär, ykdysady kuwwaty artýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Ata Watanymyz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk, agzybirlik köprüsini gurdy. Ýurdumyzyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty halkara derejesinde uly üstünliklere beslenýär. Şonuň netijesinde eziz Diýarymyz dünýä ýüzünde ylalaşdyryjy, dost-doganlygyň merkezi hökmünde mynasyp orny eýeleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyz ähli ugurlar boýunça düýpli ösüşlere beslenip, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar has-da rowaçlanýar. Ata Watanymyz hemmetaraplaýyn özgerýän we dünýäniň ösüşine oňyn täsir edýän ýurt hökmünde halkara derejesinde ähmiýetli maksatnamalar bilen çykyş edýär. Asuda, abadan ýurduň bagtyýar geljegi üçin ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny çalt depginler bilen ösdürmek, ýokary bilimli, döredijilikli, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmek häzirki döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen okuw-terbiýeçilik edaralarynyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilýän Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygynyň baýramy gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryndaky guwandyryjy netijeleriň özboluşly beýanydyr. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şöhratly senesini belentden dabaralandyrmak Diýarymyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işlerinde görnüp, her bir ynsanyň göwnüni ganatlandyrýar, kalbyna ylham berýär.

Goý, eziz Diýarymyzy, mähriban halkymyzy belent ösüşlere, özgerişlere alyp barýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Şagulu Hojagulyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

“Kenzo” markasy hakynda bileýin diýseňiz.

 

Ýene-de okaň

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk