BIZNES

“Kenzo” markasy hakynda bileýin diýseňiz.

Kenzo Takada 1939-njy ýylda Ýaponiýada dünýä inýär. Ol gyz jigileriniň okaýan žurnallaryny okap, moda bilen gyzyklanmaga başlaýar. Takada Tokionyň moda kolležleriniň birinde bilim alýar. Okuwyny tamamlap, Pariže gidýär, ol ýerde dizaýner bolup işleýär.1970-nji ýyldan başlap Takada zenanlar üçin üýtgeşik biçüwli egin-eşikleri taýýarlaýar,1983-nji ýylda erkekler üçin hem kolleksiýon dizaýn edýär.  Bäş ýyl soňra ilkinji atyryny halka hödürledi.

1970-nji ýylda döredilen “Kenzo” markasy wagtyň geçmegi bilen dünýäniň iň uly markalarynyň birine öwrüldi.

Takada1993-nji ýylda  kompaniýany satýar, 1999-njy ýylda bolsa pensiýa çykýar.
“Kenzo” markasyny dörediji Kenzo Takada egin-eşikleriň, aýakgaplaryň , atyrlaryň,ýantorbalaryň hem dürli görnüşini öndürip, 8 müň görnüşli dizaýnyň eýesidir.

81 ýaşyny dolduran Kenzo Takada 2020-nji ýylda “Covid19” sebäpli aradan çykýar.

ABŞ doly sanjym edilen syýahatçylar üçin açyk

 

Ýene-de okaň

Özbegistan 10 milliard dollarlyk “akylly” şäher gurar

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar