JEMGYÝET

Ýaş alymlar sylaglandy

  Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde ylymlar güni mynasybetli her ýyl geçirýän ylmy bäsleşigine Türkmenistanyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary, şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar.

     Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaş alymlary sylaglamak dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

     Dabara gatnaşyjylar ilki bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

     Bäsleşik nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly, ylymda öňe sürülýän ugurlar boýunça geçirildi.

     Bäsleşige ýaşlaryň 1 müň 670-si gatnaşyp, olaryň 107-si ýeňiji boldy. Şowhunly el çarpyşmalaryň astynda olara Şahadatnamalar, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

     Soňra ýeňiji bolan ýaş alymlary sylaglamak dabarasy bilen ugurdaşlykda halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hormat hatlary we sowgat gowşurylyş dabarasy boldy.

     Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň foýesinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň taýýarlan ylmy-taslama işleriniň sergisi hem guraldy.

Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryny dürli dillerde ýerine ýetirdiler hem-de ylymlar güni mynasybetli medeniýet, sungat ussatlarynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk konserti boldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň BRIKS Sammitindäki öňe süren başlangyçlary

Türkmenistanyň Prezidenti «BRIKS+» sammitinde çykyş etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanda “Dostluk” ordeni bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti BRIKS sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistanyň halkara gaz geçirijiler taslamalaryny goldaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady