BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Ma­te­ma­ti­ka we me­ha­ni­ka (hü­när: ma­te­ma­ti­ka).
  2. Fi­zi­ka we ast­ro­no­mi­ýa (hü­när: fi­zi­ka).
  3. Hi­mi­ýa (hü­när: hi­mi­ýa).
  4. Bio­lo­gi­ýa ylym­la­ry (hü­när: bio­lo­gi­ýa).
  5. Ýe­ri öw­re­niş ylym­la­ry (hü­när: ge­og­ra­fi­ýa).
  6. Ta­ryh we ar­heo­lo­gi­ýa (hü­när: ta­ryh).
  7. Bi­lim we pe­da­go­gi­ka ylym­la­ry (hü­när­ler: baş­lan­gyç bi­li­miň mu­gal­lym­çy­ly­gy we psi­ho­lo­gi­ýasy; mek­de­be çen­li bi­lim we ter­bi­ýe).
  8. Dil bi­li­mi we ede­bi­ýa­ty öw­ren­mek (hü­närler: türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty; rus di­li we ede­bi­ýa­ty; iň­lis di­li we ede­bi­ýa­ty; hy­taý di­li we ede­bi­ýa­ty).

Tö­leg­li esas­da hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň ugur­la­ry we hü­när­le­ri:

  1. Ma­te­ma­ti­ka we me­ha­ni­ka (hü­när: ma­te­ma­ti­ka).
  2. Fi­zi­ka we ast­ro­no­mi­ýa (hü­när: fi­zi­ka).
  3. Hi­mi­ýa (hü­när: hi­mi­ýa).
  4. Bio­lo­gi­ýa ylym­la­ry (hü­när: bio­lo­gi­ýa).
  5. Ýe­ri öw­re­niş ylym­la­ry (hü­när: ge­og­ra­fi­ýa).
  6. Ta­ryh we ar­heo­lo­gi­ýa (hü­när: ta­ryh).
  7. Bi­lim we pe­da­go­gi­ka ylym­la­ry (hü­när­ler: baş­lan­gyç bi­li­miň mu­gal­lym­çy­ly­gy we psi­ho­lo­gi­ýasy; mek­de­be çen­li bi­lim we ter­bi­ýe).
  8. Dil bi­li­mi we ede­bi­ýa­ty öw­ren­mek (hü­närler: türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty; rus di­li we ede­bi­ýa­ty; iň­lis di­li we ede­bi­ýa­ty; hy­taý di­li we ede­bi­ýa­ty; nemes di­li we ede­bi­ýa­ty; pars di­li we ede­bi­ýa­ty).
  9. Be­den­ter­bi­ýe we sport (hü­när: be­den­ter­bi­ýe).

Ins­ti­tu­ta Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta ýa-da or­ta hünär bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­lary­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Le­bap, Ma­ry, Da­şo­guz wela­ýat­la­ry­nyň mer­kez­le­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6 — 19njy iýu­ly ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta (ýa-da or­ta hü­när) bi­lim ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­daky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­sykla­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýagda­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler boýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry, sportuň gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça döw­let hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň ýe­ňi­ji­le­ri şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dirýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len birlik­de res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşakda­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­syny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den güwä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyzla­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek ins­ti­tut­da (Türk­me­na­bat şä­he­ri) aşak­da­ky möh­letler­de ge­çi­ril­ýär:

Ma­ry we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 22-23-i, 26-sy, 28-i gün­le­ri;

Da­şo­guz we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 24-25-i, 27-si, 29-y gün­le­ri;

Le­bap we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 30-31-i, aw­gust aýy­nyň 1-i, 2-3-i we 4-5-i gün­le­ri.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler bo­ýun­ça geçi­ril­ýär:

fi­zi­ka hü­nä­ri — fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nista­nyň ta­ry­hy;

ma­te­ma­ti­ka hü­nä­ri — ma­te­ma­ti­ka, fi­zi­ka, Türkme­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

hi­mi­ýa hü­nä­ri — hi­mi­ýa, bio­lo­gi­ýa, Türk­me­nista­nyň ta­ry­hy;

bio­lo­gi­ýa hü­nä­ri — bio­lo­gi­ýa, hi­mi­ýa, Türk­menis­ta­nyň ta­ry­hy;

ge­og­ra­fi­ýa hü­nä­ri — ge­og­ra­fi­ýa, türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

ta­ryh hü­nä­ri — Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş;

baş­lan­gyç bi­li­miň mu­gal­lym­çy­ly­gy we psiho­lo­gi­ýasy hü­nä­ri — türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

mek­de­be çen­li bi­lim we ter­bi­ýe hü­nä­ri — türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nista­nyň ta­ry­hy;

türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty hü­nä­ri — türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş;

rus di­li we ede­bi­ýa­ty hü­nä­ri — rus di­li we edebi­ýa­ty, türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

iň­lis di­li we ede­bi­ýa­ty hü­nä­ri — iň­lis di­li, türkmen di­li we ede­bi­ýa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

hy­taý di­li we ede­bi­ýa­ty hü­nä­ri — hü­när di­li bo­ýun­ça ýa-da iň­lis di­li, türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

ne­mes di­li we ede­bi­ýa­ty hü­nä­ri — hü­när di­li bo­ýun­ça ýa-da iň­lis di­li, türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

pars di­li we ede­bi­ýa­ty hü­nä­ri — hü­när di­li bo­ýun­ça ýa-da iň­lis di­li, türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

 be­den­ter­bi­ýe hü­nä­ri — umu­my fi­zi­ki taý­ýar­lygyň tas­syk­la­nan möç­ber­na­ma­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­li, bio­lo­gi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esasyn­da ge­çi­ril­ýär.

De­giş­li dil­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän dil ders­le­rin­den baş­ga äh­li ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­ni­len wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä gel­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň mukdar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­ni ta­mam­lan we mugal­lym­çy­lyk ug­run­dan 2 ýyl­dan az bol­ma­dyk iş tejri­be­si bo­lan­lar;

— or­ta sport mek­dep­le­ri­ni ta­mam­lan ýo­ka­ry dere­je­li tür­gen­ler (be­den­ter­bi­ýe hü­nä­ri üçin);

— 2016 — 2020-nji ýyl­lar­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra ýaryş­la­ryň ýe­ňi­ji­le­ri (be­den­ter­bi­ýe hü­nä­ri üçin);

— 2016 — 2020-nji ýyl­lar­da spor­tuň gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­rynyň ag­za­la­ry (be­den­ter­bi­ýe hü­nä­ri üçin);

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň sal­gy­sy: Türk­me­na­bat ş., Şa­ben­de kö­çe­si, 7, tel.: 3-25-50, 3-04-18.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Aşgabat şäherinde III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler

Türkmen wekiliýeti Kazanda türkmen talyplary bilen duşuşdylar

Türkmenistanyň «Memoriad 2024» bäsleşigine gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkiýede 200 döwletden 340 müň talyp bilim alýar

Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Belarusyň döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder