SIZDEN GELENLER

Sagdynlyk – abadançylyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban halkymyz abadan hem asuda durmuşda, bagtly günleriň hözirini görüp ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, hususan-da, sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we tertibini ornaşdyrmak, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek kämil derejä ýetirilýär. Ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça işleri güýçlendirilen depginde alyp barmak, ylaýta-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek üçin şertleriň döredilmegi, kadaly iýmitlenmek babatda wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýarys» diýip nygtaýşy ýaly, eziz Diýarymyzda raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak, berkitmek, keselleriň öňüni almak, sagdyn, şeýle hem ruhubelent we kämil dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatynda döwlet tarapyndan zerur şertler döredilýär.

Milli Liderimiziň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu babatda uly ähmiýete eýe bolup, ol saglygy goraýyş ulgamynyň işlerini döwrüň ösen talaplary esasynda guramaga we alyp barmaga degişli wezipeleri öz içine alýar. Häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň iri halkara guramalary, daşary ýurtly alymlar, bilermenler bilen ylym-bilim ulgamynda we lukmançylygyň täze tejribelerini paýlaşmakda netijeli işler ýola goýulýar.

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde her ýyl immunizasiýa hepdeligini geçirmek yzygiderli ýola goýulýar. Öňüni alyş sanjymlary iň zerur we howpsuz saglygy goraýyş çäreleriniň biridir. Bu jemgyýetçilik çäresi her ýyl «Keseliň öňüni alyň! Saglygyňyzy goraň!» diýen şygar bilen geçirilýär.

2005-nji ýylyň aprelinden başlap, köp ýurtlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň teklibi boýunça her ýyl immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Onuň esasy maksady ene-atalaryň, hossarlaryň, saglygy goraýyş işgärleriniň, ýolbaşçylaryň arasynda immunizasiýanyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işleri arkaly öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Immunizasiýa hepdeligi 2007-nji ýyldan bäri geçirilip, şu ýyl ol aprel aýynyň ahyrky hepdesine meýilleşdirildi. Şu günler hepdeligiň çäginde immunizasiýanyň ähmiýeti barada giňişleýin wagyz-nesihat işleridir habar beriş çäreleri geçirilýär.

Keseli bejerenden onuň öňüni alanyň has ýeňil hasaplanýar. Immunizasiýa dürli agyr ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Häzirki wagtda ýokanç keselleriň öňüni almagyň esasy ugurlarynyň biri sanjymlamadyr. Türkmenistanyň keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibine ýokançlaryň 14-sine garşy sanjymlama girýär.

Biziň ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamynyň arassaçylyk — keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek babatynda ilatyň abadançylygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugrunda dünýäniň köp döwletleri üçin nusgalyk bolup durýar. Döwletimizde ýokanç keselleriň birnäçesiniň aradan aýrylandygy baradaky halkara sertifikatlary Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny goramak boýunça wezipeleri çözmekde gazanýan üstünlikleriniň ykrarnamasy bolup durýar.

Immunizasiýa Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň strategik ugurlarynyň biridir. Şol maksatnamanyň möhüm ugurlary ilatyň saglygyny düýpli gowulandyrmakda we raýatlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmakda hem-de halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde jemlenýär.

Hawa, saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikler üstünliklere ulaşýar. Bu bolsa ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak bilen bagly işleriň hemişe üns merkezinde durýandygynyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurdaky ýadawsyz aladalarynyň miwesidir.

Çarýarguly Nepesow, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.

Ýene-de okaň

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk