TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine kabul edilşik

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

Hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň ugur­la­ry (hü­när­leri):

  1. Oba, to­kaý we ba­lyk ho­ja­ly­gy (hü­när­ler: ag­ro­nomçy­lyk; ýü­pek­çi­lik; ag­ro­hi­mi­ýa we top­ra­gy öw­re­niş; bag­ban­çylyk, mi­we­çi­lik we gök eke­ran­çy­lyk; ösüm­lik­le­ri go­ra­mak; to­kaý we se­ýil bag ho­ja­ly­gy; oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň seç­gi­si we tohum­çy­ly­gy; gid­ro­me­lio­ra­si­ýa; ýer gur­lu­şy­gy we ka­dast­ry; oba ho­ja­ly­gy­ny me­ha­nizm­leş­dir­mek; me­lio­ra­tiw iş­le­ri me­ha­nizmleş­dir­mek; oba ho­ja­ly­gy (in­že­ner-mu­gal­lym­la­ry taý­ýar­la­mak); mi­we-gök önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek; et-süýt önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek; dä­nä­ni gaý­ta­dan iş­le­mek; pag­ta­nyň il­kin­ji işle­ni­li­şi; ösüm­lik ýa­gy­ny ön­dür­mek).
  2. We­te­ri­na­ri­ýa we zoo­teh­ni­ýa (hü­när: we­te­ri­nar luk­mançy­ly­gy).
  3. Dok­ma we ýe­ňil se­na­ga­tyň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry (hü­närler: ma­ta önüm­çi­li­gi; ti­kin­çi­lik önüm­çi­li­gi­niň teh­no­lo­gi­ýa­sy; te­bigy sü­ýüm­le­ri egir­mek).

Ba­ka­lawr­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň ugur­la­ry:

  1. We­te­ri­na­ri­ýa we zoo­teh­ni­ýa (taý­ýar­lygyň ugur­la­ry: zoo­teh­ni­ýa; at­çy­lyk; se­na­gat ba­lyk­çy­ly­gy; ki­no­lo­gi­ýa).

Tö­leg­li esas­da ba­ka­lawr­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň ugur­la­ry:

  1. Oba, to­kaý we ba­lyk ho­ja­ly­gy (taý­ýar­lygyň ugur­la­ry: ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­ly­gy; ag­roe­ko­lo­gi­ýa).
  2. Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (taý­ýar­lygyň ugur­la­ry: ykdy­sa­dy­ýet (oba ho­ja­ly­gyn­da); buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy we au­dit (oba ho­ja­ly­gyn­da)).
  3. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (taý­ýar­lygyň ugry: mag­lu­mat ul­gam­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry (oba ho­ja­ly­gyn­da).

Uni­wer­si­te­te Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta ýa-da or­ta hü­när bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­tije­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry we­la­ýat mer­kez­le­rin­de we Aş­ga­bat şähe­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6 — 19-njy iýu­ly ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za; — bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta (ýa-da or­ta hü­när) bi­lim ba­ra­da­ky res­mi­nama (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ministr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki on iki sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da ar­tykmaç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tassyk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de har­by gul­lu­gy geçen­ler har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­gitler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peýda­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin dalaş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek uni­wer­si­tet­de (Aş­ga­bat şä­he­ri) aşak­da­ky möh­let­ler­de ge­çi­ril­ýär:

Ahal we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 22-i, 23-i we 25-i gün­le­ri;

Aş­ga­bat şä­he­ri — iýul aýy­nyň 24-i, 25-i we 27-si gün­le­ri;

Ma­ry we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 26-sy, 27-si we 29-y gün­le­ri;

Da­şo­guz we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 28-i, 29-y we 31-i gün­le­ri;

Le­bap we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 30-y, 31-i we aw­gust aýy­nyň 2-si gün­le­ri;

Bal­kan we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 1-i, 2-si we 3-i gün­le­ri.

 Gi­riş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:

oba, to­kaý we ba­lyk ho­ja­ly­gy ug­ry (hü­när­ler we taý­ýar­lyk ugur­la­ry: ag­ro­nom­çy­lyk; ýü­pek­çi­lik; ag­ro­hi­mi­ýa we top­ra­gy öwre­niş; bag­ban­çy­lyk, mi­we­çi­lik we gök eke­ran­çy­lyk; ösüm­lik­le­ri go­ra­mak; to­kaý we se­ýil bag ho­ja­ly­gy; oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň seç­gi­si we to­hum­çy­ly­gy; ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­ly­gy; ag­roe­ko­lo­gi­ýa) — hi­mi­ýa, bio­lo­gi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

oba, to­kaý we ba­lyk ho­ja­ly­gy ug­ry (hü­när­ler: gid­ro­me­liora­si­ýa; ýer gur­lu­şy­gy we ka­dast­ry; oba ho­ja­ly­gy­ny me­ha­nizmleş­dir­mek; me­lio­ra­tiw iş­le­ri me­ha­nizm­leş­dir­mek; oba ho­ja­ly­gy (in­že­ner-mu­gal­lym­la­ry taý­ýar­la­mak) — ma­te­ma­ti­ka, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

oba, to­kaý we ba­lyk ho­ja­ly­gy ug­ry (hü­när­ler: mi­we-gök önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek; et-süýt önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­lemek; dä­nä­ni gaý­ta­dan iş­le­mek; pag­ta­nyň il­kin­ji iş­le­ni­li­şi; ösümlik ýa­gy­ny ön­dür­mek) — fi­zi­ka, hi­mi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

we­te­ri­na­ri­ýa we zoo­teh­ni­ýa ug­ry — hi­mi­ýa, bio­lo­gi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy; dok­ma we ýe­ňil se­na­ga­tyň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ug­ry — fi­zika, hi­mi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

in­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy ug­ry — ma­te­ma­tika, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ug­ry — ma­te­ma­ti­ka, bio­lo­giýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mekdep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­ni­len wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä gel­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýunça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kukdan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— soň­ky 2-3 ýy­lyň do­wa­myn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nan we et­rap hä­kim­li­gi ta­ra­pyn­dan de­giş­li hü­när­le­re hö­dür­le­nen kä­rende­çi­ler we mülk­dar­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., 2009-njy (Gö­rog­ly) kö­çe, 143, tel.: 34-27-46, 34-07-77, 34-25-64.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna täze rektor bellendi

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Teswirle