SIZDEN GELENLER

Maglumat ýygnaýjy robot

Oba hojalyk pudagy robotlar üçin geljegi uly bolan pudaklaryň biridir. Sebäbi ekerançylyk pudagynda robotlary ulanmak ekinleriň hasyllylygynyň ýokary bolmagyna uly ýardam berýär. Şonuň üçin hem soňky ýyllarda ekerançylyk meýdanlarynda peýdalanyp boljak robotlaryň dürli görnüşlerini oýlap tapmaklyk we olaryň netijeliligini gazanmaklyk boýunça alnyp barylýan işler ýokary derejelere eýe bolýar.

Oýlap tapyşlaryň netijesinde döredilen “Rosphere” roboty topragyň gurplulyk derejesi we ekinleriň ösüş ýagdaýy baradaky maglumatlary ýygnamaklyga ýardam berýär.

Bu robot togalak, şar şekilinde bolup, onuň içinde elektron dolandyryş ulgamynyň buýrugy bilen iki sany özbaşdak hereket edýän maýatnik mehanizmi bardyr.

“Rosphere” robotyň içki mehanizmi onuň hereketini göni ugra we öwrülmäge mümkinçilik berýär. Ekinler baradaky maglumatlary ýygnaýan bu robota takyk baha bermek üçin onuň bilen yzygiderli synaglar geçirildi. synaglarda ekinlerdäki üýtgeşmeleri kesgitlemeklik başartdy. “Rosphere” roboty  ekerançylykda anyk maglumatlary ýygnamak üçin amatlydyr.

Bu robot GPS ulgamy we birnäçe gurallar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şonuň netijesinde ol ekinleriň ösüş ýagdaýy, topragyň düzümi, çyglylygy we başga-da birnäçe maglumatlary toplap berýär. Soňra “Rosphere” roboty ekinleriň we topragyň ýagdaýy baradaky toplan maglumatlaryny Wi-fi arkaly ekinlere gözegçilik edijiniň kompýuterine geçirýär.

Hojamyradow Wepamyrat

TOHU-nyň mugallymy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragy – döwürleriň şahyry

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk