SIZDEN GELENLER

Gyzyl burçuň peýdasy

Häzirki wagtda özüniň peýdaly taraplary bilen tapawutlanýan önümleriň biri bolan gyzyl burçuň azyklyk ähmiýeti baradaky pikirlerimizi paýlaşmaklyk has-da netijeli bolar.

Gyzyl burçy adamlar gündelik durmuşynda peýdalanýarlar. Onuň Çili, Paprika ýaly görnüşleri bardyr. Adamlaryň arasynda gyzyl burçuň Çili görnüşi has-da meşhurlyga eýedir. Ol gündelik durmuşda peýdalanylanda immunitet ulgamyny güýçlendirýändigi alymlar tarapyndan öwrenildi. Munuň sebäbi onda C witaminiň ýokary mukdarynyň bardygy bilen düşündirilýär. Şeýle hem önümde witaminleriň A, B, E, K we PP ýaly görnüşleri bardyr.

Gyzyl burç içdäňi açýar, aşgazanyň işleýşini gowlandyrýar, gany arassalaýar, gan basyşyny peseldýär, ganazlygyň öňüni almaga kömek edýär we gan damarlarynyň çeýeligini ýokarlandyrýar.

Gyzyl burçuň 100 gr iýmitlik gymmaty 40 kkal-dyr.

Gyzyl burç Gündogar ýurtlarynda giňden ýaýrap,  howanyň yssy wagtynda iýmitiň düzüminde bakteriýalaryň ýüze çykmagyny haýalladýar.

Sowuklamada, öýken keselleriniň ýüze çykmagynda, pnewmoniýada, gury üsgülewikde, diş agyrmada we bedeniň artykmaç agramyny ýitirmekde gyzyl burçdan giňden peýdalanýarlar.

Aşgazan-içege kesellerinden (gastrit, ýürek bulanma, aşgazan we on iki barmak içegäniň ýaralarynda) ejir çekýän adamlara gyzyl burçdan gaça durmaklygy lukmanlar maslahat berýärler.

Ilmyradow Seýitmyrat

TOHU-nyň talyby

Baýramçylyk çapyşygy: ýeňijilere pul sowgatlary gowşuryldy

 

Ýene-de okaň

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk