SIZDEN GELENLER

Bütindünýä poçta güni

1939-njy ýylda, Buenos Aýresda geçirilen Xl Bütindünýä poçta kongresinde her ýylyň 9-njy oktýabryny “Bütindünýä poçta birleşiginiň güni” hökmünde bellemeklik teklip edildi. Çünki 1874-nji ýylyň şu güni “Bütindünýä poçta birleşigi” esaslandyrylyp, bu karar güýje girmändir. Şuňa meňzeş karar Ýaponiýanyň paýtagty bolan Tokioda 1969-njy ýylyň XVI Bütindünýä poçta  birleşiginiň kongresinde kabul edilipdir. Ilkinji gezek halkara baýramçylyk hökmünde  Bütindünýä poçta birleşiginiň güni 1970-nji ýylda bellenildi.

Bu günüň bellenilmeginiň esasy maksady näme? Bütindünýä poçta gününiň bellenilmeginiň esasy maksady  poçta pudagynyň adamlaryň hem-de bileleşikleriň ýagny kompaniýalaryň gündelik durmuşynda tutýan ornuny, ýurduň sosial-ykdysady ösüşine goşýan goşandyny ösdürmekden ybaratdyr.

1984-nji ýylda Gamburgda geçirilen 19-njy Bütindünýä poçta kongresinde  Bütindünýä poçta birleşiginiň gününi Bütindünýä poçta gününe öwürmek barada karar kabul edilipdir. Ondan öň Ottawada geçirilen XlV Bütindünýä poçta birleşiginiň kongresinde her ýyl hat-ýazuw  hepdeligini- 9-njy oktýabrda, ýagny Bütindünýä poçta gününi gurnamak kararyna gelinipdir. Bu baýram Birleşen Milletler Guramasynyň halkara günleriniň düzümine hem girýär we dünýäde poçta hyzmatlarynyň ýaýramagyna we ösmegine itergi bermek  üçin niýetlenendir.      1994-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň  Prezidentiniň karary bilen iýul aýynyň ikinji ýekşenbesi Russiýanyň poçta güni diýlip bellenilipdir.

Bütindünýä poçta güni bilen baglanyşykly birnäçe gyzykly çäreler, ýaryşlar hem-de hat alyşyklar geçirilýär. Mysal üçin, 2005-nji ýylda Kamerunda poçta işgärleri bilen “CAMTEL” telekommunikasiýa kompaniýasynyň işgärleriniň arasynda futbol oýny geçirilipdir. Bütindünýä poçta güni mynasybetli poçta markalary, sergileri  gurnalýar, konwert çäreleri hem giňden geçirilýär. 2006-njy ýylda bu günüň hormatynda Arkhangelsk poçta bölüminde “Köýnek hatlary” atly poçta konwertleriniň sergisi açylypdyr we Ukrainanyň Donetsk sebitinde haýyr-sahawat sergisi guralýar. Mundan başga-da şar we paraşýut poçta uçuşlary geçirilip olar ýörite markalar we stikerler bilen bezelýär.

Rahym Begjanow

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistana gynanç bildirdi

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragy – döwürleriň şahyry

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk