SIZDEN GELENLER

Bilim – kämilligiň açary

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde berkarar Diýarymyzda soňky sanlyja ýylyň içinde ençeme döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar guruldy, öňden bar bolanlarynyň ählisi hem kämil tehniki enjamlar, kompýuterler we kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edildi. Ýaşlarymyz türkmen dili bilen birlikde iňlis, rus we beýleki daşary ýurt dillerini uly höwes bilen öwrenýärler. Dil öwrenmek, bilmek ynsana paýhas eçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimiň ösüşleri babatda aýdan çuň manyly jümleleri bilim işgäri üçin ýolgörkezijidir: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berilýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr».

Mähriban halkymyzyň guwanjy Aşgabat hem-de Arkadag şäherleri häzirki wagtda ýurdumyzyň umumy ösüşleri bilen birlikde, bilimleriň dabaralanýan mekany hökmünde hem giňden tanalýar. Şunda aragatnaşyk ulgamy häzirki döwürde adamyň gündelik durmuşynda mäkäm orun aldy. Bilimiň ösüşinde sanly ulgamyň ähmiýeti has-da artdy.

Sapaklarda täze tehnologiýalaryň ulanylmagy ýaşlaryň başarnygyny, bilimlere bolan höwesini, dünýägaraýşyny, bagtyýar geljege bolan ynamyny has-da ýokarlandyrdy. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesine netijeli täsir etdi. Elektron sözlükler we ensiklopediýalar, audio we wideo materiallary, multimedia okuwlary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary häzirki wagtda her bir talyp üçin elýeterlidir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän maksatnamalar öňe sürülýär. Watansöýüji, halal, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bu gün ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Şu maksatdan ugur alyp, döwletimizde kabul edilýän ylym-bilim babatdaky resminamalar innowasion ösüşe ýardam etjek kämil hünärmenleri taýýarlamagyň kanuny binýadyny berkidýär. Şeýle maksatnamalaryň biri-de “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasydyr”.

Ynsan üçin bahasyz baýlyk hasaplanylýan bilim ruhy hazynadyr. Şonuň üçinem «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» diýen ata-babalarymyzdan galan nakyl halkymyzyň ýörelgesine öwrülendir. Häzirki wagtda bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny giňden ornaşdyrmak maksady bilen, ähli bilim edaralary sanly bilim tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şeýle hem dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, interaktiw-multimediýa programmalaryny, maglumat kitapçalaryny, bilim programmalaryny we beýlekileri işläp taýýarlamak üstünlikli alnyp barylýar. Amala aşyrylýan şeýle işleriň netijesinde kämil, sanly tehnologiýalara ökdelik bilen erk edýän, dünýä dillerini oňat bilýän ýaş hünärmenler kemala gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşiniň berk binýady bolan bilim ulgamynda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Okuw maksatnamalarynyň has-da kämilleşdirilmegi, mekdepleriň döwrebap, iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, ökde hünärli, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri baradaky aladadyr. Häzirki wagtda sanly bilimiň ösdürilmegi bilen maglumat-bilim ulgamyny döretmäge we bilim bermegiň ähli usullaryny elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge doly mümkinçilikler bar. Ylym, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge giň mümkinçilik döreýär.
Şundan ugur alyp, usuly-amaly okuwlaryň geçirilmegi oňat netije berýär. Mugallymlaryň usulyýet işini has-da kämilleşdirmekleri üçin usuly-amaly maslahatlaryň hem möhüm orun eýeleýändigini bellemek gerek. Şeýlelikde, okatmagyň döwrebap usullary ösdürilýär, bilim işgärleriniň arasynda tejribe alyşmak ýörelgeleri kemala gelýär. Bu bolsa kämilligiň berk binýady bolup, ýaş nesilleriň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerine, mugallymlaryň sapaklary usulyýet esasynda ýokary guramaçylykly geçmeklerine oňat täsir edýär.

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde ene-atalar bilen deň derejede bize — mugallymlara hem möhüm orun degişlidir. Bilim ulgamynda halkymyzyň däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri yzygiderli ornaşdyrylýar. Munuň özi dünýäde ylymdyr bilimiň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýändigi, dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmegiň bolsa, biziň esasy maksadymyz bolup durýandygy bilen berk baglanyşyklydyr.

Milli bilim ulgamynda ajaýyp özgertmeleri durmuşa geçirýän, ýaş nesilleriň bagtly geljegi üçin gije-gündiz aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumlary barha rowaç alsyn!

Maral Annamuhammedowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili mugallymy.

Ýene-de okaň

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk