SIZDEN GELENLER

Bilim — geljegiň şamçyragy

Ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak, dünýä tejribesinden ugur almak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda bilim bermegiň, okatmagyň döwrebap usullary ösdürilýär. Şunda innowasion tehnologiýalara, multimedia tagtalaryna we kompýuter programmalaryna uly orun degişli bolup durýar. Sapaklary döwrebap guramakda we alyp barmakda innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýär. Munuň özi sanly bilim ulgamynyň döredýän mümkinçilikleridir.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän täze, döwrebap bilim ojaklarynyň innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň bilim öwrenmeklerine, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda milli bilimiň we ylmyň ösüş derejesine baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky syýasaty Türkmenistan döwletimizi dünýäniň has ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmakdan ybaratdyr.

Ýaşlar halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, medallara eýe bolýarlar. Şeýle üstünlikler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem gazanylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ilkinji iki aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan mejlisinde habar berlişi ýaly, mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, medal gazanýarlar. Anyk mysallara ýüzlenmeli bolsa, şu ýylyň 18 — 25-nji fewraly aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça geçirilen halkara bäsleşik aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Dünýäniň ençeme döwletinden müňden gowrak ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen halkara bäsleşikde türkmenistanly ýaşlar baýrakly orunlary eýelediler. Şol üstünlige bilim ojagymyzyň zehinli ýaşlarynyň hem mynasyp goşandy bar.

Interaktiw we multimediýa tehnologiýalary, kämil okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe ojaklarynyň bagtyýar nesillerimiziň hyzmatyna berilmegi, ýaşlara berilýän bilimiň many-mazmunynyň baýlaşdyrylmagy, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bizi — bilim işgärlerini has-da begendirýär, işimize döredijilikli çemeleşmäge ruhlandyrýar. Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Suraý Baýramowa, 

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz