BIZNES

“Benetton” markasynyň taryhy

“Benetton” italýan egin-eşik markasydyr. Adamlaryň egin-eşiklerde açyk reňkleri isleýänliginden ugur alyp, 20 ýaşly Benetton  açyk reňklerden eşik dizaýn edip satuwa çykarmak isleýärdi.Lusiana Benetton 1935-nji ýylda Italiýada dünýä inýär. Ol 4 ýaşyndaka egin-eşik dükanynda satyjy bolup işe başlaýar. Soňra ol ýerden çykyp doganlary bilen bilelikde öz işlerini açmak isleýärler.1965-nji ýylda olar “Benetton” atly egin-eşik kompaniýasyny döredýärler. Şol ýyl hem “Benetton” egin-eşik dükanlary açylýar. Maksatlaryndaky alyjylar ýaşlardy. Şol sebäpli hem reňkli açyk egin-eşik öndürmek isleýärdi. 1960-njy ýyllaryň soňunda Italiýada ortaça 500-e golaý egin-eşik magazynlary açyldy.Wagtyň geçmegi bilen bu marka äýnek, aýakgap, moda üçin niýetlenen aksesuarlar öndürip  başlady.1990-njy ýylda “Benetton” firmalara goşulmak maksady bilen sport egin-eşik öndürmegi hem ýola goýdy.Lusiana Benetton 1978—nji ýyldan 2008-nji ýyla çenli “Benetton” kompaniýasyny ýöretdi. 2008-nji ýylda kompaniýanyň başyna ogly Alessandro Benetton geçýär.2017-nji ýylda ogly kompaniýany ýöredip bilmänsoň, Lusiana Benetton täzeden yzyna dolanýar.

 

Ženewa-2022” awtosergisi ýatyryldy

 

Ýene-de okaň

Özbegistan 10 milliard dollarlyk “akylly” şäher gurar

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar