SIZDEN GELENLER

Baobab agajynyň täsinligi

Ýerde beýleki berk ösümlik baglary ýaly ýaşaýşyny dowam etdirip gelýän “Adansoniýa” diýlip atlandyrylýan Baobab agajynyň uzak ýaşly baglaryň biridir.

Bagyň galyňlygy bilen beýikligi 18-25 metr aralygyndadygyny, ininden bary-ýogy 2-3 esse ýokarydygyny belläp geçmek zerurdyr, şeýle ykjamlyk bu ösümlige gün şöhleleriniň astynda guramazlyga mümkinçilik berýär. Adansoniýa ady bu­ösümligiň üstüni açan fransuz tebigaty öwreniji alym Maýkl Adansonyň hormatyna dakylandyr. Agaç daşky görnüşi boýunça başaşaklygyna ösýäne meňzeýär. Sebäbi agajyň egri şahalary onuň çürdepesinde ösýär we olar agajyň köklerini ýa­da salýar. Baobab agajy gurak ýagdaýlara çydamak üçin göwresinde suw saklap bilýär, bu bolsa olary gurak ýerlerde möhüm suw çeşmesine öwürýär. Olaryň ählisi gurak pasyllarda öz ýapraklaryny dökýärler. Häzirki wagtda bu agaç Afrikanyň köp ýurtlarynda, Madagaskarda, Awstraliýa ýa­da, Aziýanyň Hindistan we Şri Lanka ýaly ýurtlarynda we Arap ýarym adasynyň käbir ýerlerinde, gurak geografiki şertlerde duş gelýär. Emma olaryň sany örän azdyr.

Alymlar baobabyň näçe wagt ýaşaýandygyny takyk kesgitläp bilmediler. Alymlar bu agajyň takmynan müň ýyl ýaşap biljekdigini pikir edýärler. Ösümlikleriň biriniň radiokarbon derňewiniň kömegi bilen onuň ýaşynyň 4,5 müň ýyldan gowrakdygyny kesgitlemek mümkin boldy.

Gowşakow Babajan

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

SpaceX: Inspiration4 Ýere gaýdyp geldi

 

Ýene-de okaň

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti

Okatmakda innowasion usullaryň we daşary ýurt dilleriniň täsirleri

Magtymguly Pyragy – döwürleriň şahyry

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy