SIZDEN GELENLER

Magtymguly – döwürleriň şahyry

Ösüşiň röwşen ýolundan bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň her güni toýdur baýrama, şatlykly günlere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň danasy, söz sungatynyň zergäri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy halkara derejesinde bellenilýär. Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhda yz goýan beýik şahsyýetleriň döredijiligini öwrenmäge, edebi mirasymyzy wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy, görnükli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy belentden tutulýar. Çünki akyldaryň eserleri ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda ynsanperwerlik, umumadamzat gymmatlyklaryny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, ýol görkeziji şamçyragdyr.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginde akyldaryň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň üstüni ýetirdi. Tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre barabar bolup, 860 tonna bürünçden ybaratdyr. Şu aýdylanlardan görnüşi ýaly, akyldaryň hormatyna oturdylan ýadygärlik Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde iň beýik ýadygärlikleriň biri hasaplanýar. Bu ajaýyp medeni-seýilgäh toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň söz ussady baradaky setirleri baýyrlaryň ýüzünde şöhlelendirilýär.

Magtymgulynyň edebi mirasy diňe bir biziň halkymyz üçin däl, eýsem, tutuş adamzat üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna. Munuň şeýledigine şahyryň häzirki wagtda-da goňşy halklaryň bagşylarynyň dillerinden düşürmän aýdym edip aýdýan goşgulary hem şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragynyň goşgularyna garagalpak, özbek, gazak, azerbaýjan, türk bagşylarynyň aýdan aýdymlary, şahyryň, hakykatdan hem, bir döwrüň, bir milletiň şahyry däl-de, dünýä halklarynyň söýgüli şahyrydygyna bolan buýsanjyňy artdyrýar. Mahlasy, Magtymgulynyň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegi bolup, adamzadyň aň-paýhas hazynasynyň dürdänesine öwrülipdir. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Ýunus Emre, Wilýam Şekspir, Alyşir Nowaýy ýaly, dünýä belli meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleriniň ýerleşdirilmegi hem sözümizi doly tassyklaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ähli arzuw-islegleri hasyl boldy. Magtymguly Pyragy — Watany söýmegiň beýik nusgasy. Şahyr hemişe Watan hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr. Watana bolan çäksiz, gyzgyn söýgi, uly buýsanç Magtymguly Pyragynyň goşgularynda belent owaz bilen ýaňlanýar. Şeýle mähirli garaýyşlar bilen hem ol il-ýurdunyň abadançylygyny, bagtly, gözel durmuşda ýaşamagyny, ähli islegleriniň rowaçlanmagyny arzuw edipdir. Şahyryň eserleri häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän, biziň üçin terbiýe mekdebi, ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Çünki beýik akyldar, Gündogaryň pähim-paýhasyny öňe süren, ynsanyýeti başyna täç eden, öz milletini jany-teni bilen söýen watançy şahyr durmuşyň ähli meselesi bilen birlikde, Watan we watansöýüjilik duýgularyny has hem täsirli beýan edýär. Akyldaryň Watana bolan beýik söýgüsi onuň adyny dünýä edebiýatynda ebedileşdirdi.

Türkmen halkynyň taryhynda we edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ady äleme dolýar. Adamzadyň ýagty geljegini, berkarar döwleti arzuwlan beýik akyldaryň şahyrana döredijiligi bu günki günde dünýä ýüzünde dabaralandyrylýar. Çünki dana Pyragynyň asyrlar aşyp gelen ajaýyp şygyrlary umumadamzat bähbitliligini we nusga alarlyk ähmiýetini häzirki günlere çenli ýitirmän geldi.

Türkmen nusgawy edebiýatynyň ösmegine goşant goşan Magtymguly Pyragynyň eserleri gymmatly hazynadyr. Akyldar şahyr ajaýyp goşgulary bilen diňe bir türkmen edebiýatyny däl, eýsem, Gündogar edebiýatyny-da baýlaşdyran şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilýän häzirki günlerde ata Watanymyzda we daşary ýurtlarda giňden ýaýbaňlandyrylan baý many-mazmunly dürli çäreler beýik söz ussadymyzyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmekde hem-de giňden wagyz etmekde örän terbiýeçilik ähmiýetli bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: «Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür eserleri türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy» diýip nygtasa, Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýär.

Hawa, bu gün Magtymgulyny bütin dünýä tanaýar. TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky milli toparynyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Ukrainanyň goldamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiligini halkara derejede wagyz etmekde amala aşyrylýan asylly işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Ýaş nesli beýik söz ussadynyň nusgalyk döredijiligine hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde giň mümkinçilikleri döredýän, halkymyzyň taryhynda uly yz galdyran görnükli şahsyýetleriň sarpasyny belent tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Ahmet Ýaňybaýew,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy