SIZDEN GELENLER

Pyragy – ýüreklerde orun alan şahyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ady äleme meşhur bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden dabaralandyrylýar.

Häzirki döwürde halkymyzyň asyllylyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny nesilden-nesillere geçirmek, beýik söz ussatlarynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, wagyz-nesihat etmek arkaly ýaş nesillerimizde watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, ýokary ahlaklylyk, ynsaplylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň paýhasa ýugrulan edebi eserleri ýaş nesillere aýdyň ýol görkeziji bolup durýar. Şonuň üçin hem nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde Magtymguly atamyzyň eserleriniň ähmiýeti örän uludyr.

17-nji maýda Magtymguly Pyragynyň paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbine gözellik goşýan, halkymyzyň söz sungatyna, pähim-paýhasa goýýan belent sarpasyny şöhlelendirýän beýik ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy şanly ýylymyzyň esasy wakalarynyň biri boldy. Medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, akyldarlaryň hem heýkelleriniň oturdylmagy halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüleriniň berkidilýändiginiň özboluşly güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 17-nji maýda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky Çykyşynda bu barada: «Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydyr» diýip bellemegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Beýikligi 60 metr bolan ýadygärligiň alyslardan seleňläp görnüşi türkmeniň ykbalynyň belende göterilendiginiň pelsepesi bolup, ýüreklerde ýakymly duýgulary döredýär. Heýkeliň häzirki zaman yşyklandyryş enjamlary we lazer şöhleleri arkaly ýagtylandyrylyşy, Gahryman Arkadagymyzyň «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýen dürdäne sözleriniň baýryň ýüzünde peýda bolşy ertekiniň hakykata öwrülişini ýatladýar.

Magtymguly Pyragynyň gymmatly goşgulary her bir ynsanyň kalbyndan eriş-argaç bolup geçýän akyldar şahyr diňe öz döwründe däl-de, häzirki döwrümizde hem tutuş adamzat jemgyýetini terbiýelemekde söz sungatynyň ägirt uly güýçdügini subut edýär. Şahyr ýakyny dost, dosty dogan bolmaga, döwletlilige çagyrypdyr. Şonuň üçinem akyldar şahyrymyz: «Berkarar döwlet istärin» diýip, köňül joşgunyny aýdyp geçipdir. Şeýle hem Magtymguly Pyragy: «Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ata Watanynyň mukaddesligini şygyrlarynda şöhratlandyrypdyr. Şahyryň goşgy setirlerindäki Watana bolan hormatyny, halal zähmete, ynsanperwerlige bolan garaýyşlaryny ýaşlara wagyz-nesihat edýäris. Türkmen dili we edebiýaty boýunça guraýan sapaklarymyzda, synp sagatlarymyzda okuwçylarymyza Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny manysy bilen öwretmäge çalyşýarys.

Magtymgulynyň döredijiliginde halk döredijiligi aýratyn orun tutupdyr. Nusgawy şahyrymyz halk döredijiligini ussatlyk bilen şygyrlaryna siňdirmegi başarypdyr. Söz ussady «Görogly» şadessanyny kämil eser hökmünde nusga edinipdir. Şahyr şadessanyň baş gahrymany Göroglyny edermenligiň nusgasy hökmünde teswirleýär.

Goý, beýiklere sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ynsanlary ýakynlaşdyrýan beýik işleri hemişe rowaç alsyn!

Gözel Gulamowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň

Matematika usuly birleşmesiniň mugallymy. 

 

Ýene-de okaň

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy