BIZNES

Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky söwdanyň möçberi artýar

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat “Türkmenistan” gazeti bilen bolan söhbetdeşliginde türkmen-hindi gatnaşyklaryny dürli ugurlar boýunça giň gerimde ösdürilýändigini belledi.

Ilçi söhbetdeşlikde hususan-da, ykdysady gatnaşyklar barada şeýle diýdi:

– Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi 2020-2021-nji ýyllarda 60,64 million amerikan dollaryna deň bolanlygyndan, 2022-2023-nji ýyllarda 192 million amerikan dollaryna çenli yzygiderli artdy. Biziň ýurdumyzdan import edýän esasy harytlaryň hatarynda farmasewtika, elektron we elektrotehnika önümleri, enjamlar, azyk harytlary, organiki himiki serişdeler bolsa, türkmen tarapyndan Hindistana eksportyň düzüminde dökünlerdir organiki däl himiki serişdeler (kükürt, ýod) bar.

Iki ýurt «Hindistan — Merkezi Aziýa» sammitiniň düzüminde hereket edýän işewürlik geňeşiniň çäginde-de ýygjam hyzmatdaşlyk edýär. Ilçihana hem dürli çäreleri, şol sanda onlaýn görnüşdäki işewürlik maslahatlaryny, satyjylaryňdyr müşderileriň duşuşyklaryny guramak, hindi we türkmen işewürleriniň arasynda özara hereketleriň ýola goýulmagyna ýardam bermek arkaly ikitaraplaýyn söwdanyň ilerledilmegine işjeň gatnaşýar.

Hindistanyň ilçisi bilim ulgamy barada aýdylanda, Hindistan her ýyl dürli uniwersitetlerde maglumat tehnologiýalary, informatika, dil, ykdysadyýet, işewürlik barlaglary, ýoga ýaly ugurlarda türkmen talyplary üçin doly talyp hakly okuwlary hödürleýändigini belledi.

Şeýle hem ol Agra şäherinde ýerleşýän Kendriýa Hindi Sanstan bilim ojagy bolsa hindi dilini öwrenmek isleýänlere talyp haky bilen okamaga mümkinçilik döredýändigini aýdyp, türkmenistanly raýatlar tutuşlygyna Hindistanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hindi maksatnamasy (ITEC) esasynda öz ýurdunda bilim almaga mümkinçilik alýandygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar

“Sanly karz” ulgamy hyzmaty ornaşdyrylýar