SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Kuala-Lumpura ilkinji uçuşy ýerine ýetirdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň Kuala-Lumpur şäherine ilkinji uçuşy dabara bilen garşylandy. Ilkinji uçuşy ýerine ýetiren uçaryň ekipaž agzalaryny we 228 ýolagçyny Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow we Malaýziýanyň syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministri Dato Şri Tiong King Sing garşyladylar.

15-nji fewraldan başlap, degişlilikde 289 we 368 orunlyk “Boeing 777-200LR” hem-de “777-300ER” kysymly ýolagçy uçarlar Aşgabat we Kuala-Lumpur şäherlerine hepdede iki uçuşy ýerine ýetirýärler.

Aşgabatdan her hepdäniň çarşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylýan bu täze ýolagçy uçar ugry Malaýziýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň arasynda howa gatnawlaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Aşgabatdan Kuala-Lumpuryň arasyndaky uçuşyň dowamlylygy 8 sagat 10 minut dowam edip, Malaýziýanyň paýtagtyna iň tiz amatly syýahaty üpjün edýär.

Malaýziýanyň Syýahatçylygy ösdürmek boýunça agentliginiň (Tourism Malaysia) mälim etmegine görä, geçen ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Merkezi Aziýa döwletlerinden Malaýziýa syýahat eden syýahatçylaryň sany 21 910 barabar bolup, 2022-nji ýylyň 11 aýyndaky görkezijä garanda 196,7 göterim ýokarlandy. Degişli döwürde Russiýadan gelen syýahatçylaryň sany hem 2022-nji ýylyň görkezijisinden 360 göterim, pandemiýadan öňki, ýagny 2019-njy ýyldakydan hem 39,5 göterim ýokarlanyp, jemi 100 645 syýahatça deň bolupdyr.

Ýene-de okaň

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri