BILIM

«TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY» AGENTLIGINIŇ TÜRKMENABAT ŞÄHERINDÄKI DERÝAÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Gämi sürüjilik.
  2. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi (pudaklar boýunça).
  3. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.
  4. Senagat we raýat jaý gurluşygy.
  5. Gidromeliorasiýa.
  6. Maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony goramak.
  7. Ulaglarda gatnawlary guramak we dolandyrmak (görnüşleri boýunça).
  8. Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary.
  9. Iş kagyzlarynyň dolanşygyny guramak we arhiw işi.
  10. Kompýuter ulgamlarynda programmirlemek.
  11. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (pudaklar boýunça).
  12. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärine görä degişlilikde 2,5 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2020-nji ýylyň 6-njy iýuly — 8-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 11-12-si, 14-i we 15-i günlerinde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

iş kagyzlarynyň dolanşygyny guramak we arhiw işi hünäri — türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy;

jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy hünäri — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünärleri — matematika, jemgyýeti öwreniş we Türkmenistanyň taryhy;

Maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony goramak , kompýuter ulgamlarynda programmirlemek hünärleri — informatika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

galan ähli hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

«Türkmendeňizderýaýollary»

agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenabat ş.,

Gurbansoltan eje köçesi, 21,

tel.: 7-44-52, 3-63-63.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Aşgabat şäherinde III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler

Türkmen wekiliýeti Kazanda türkmen talyplary bilen duşuşdylar

Türkmenistanyň «Memoriad 2024» bäsleşigine gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkiýede 200 döwletden 340 müň talyp bilim alýar

Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Belarusyň döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder