BILIM

Ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edişlik: Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy

2020/2021-nji okuw ýyly üçin taýýarlygyň aşakdaky ugurlary boýunça tölegli esasda okuwa kabul edýändigini yglan edýär:

  1. 1. Döwlete degişli bolmadyk eda­ra­laryň hünärmenlerini gaý­ta­dan taý­ýar­la­mak aşak­daky hü­när bo­ýun­ça:

— ykdysadyýet we hojalyk hukugy, okuwyň möhleti — 2 ýyl.

  1. 2. Ma­gistr­le­ri taý­ýar­la­mak aşak­da­ky ugur­lar bo­ýun­ça:

— sanly dolandyryş, okuwyň möhleti — 1 ýyl;

— işgärleri dolandyryş, okuwyň möhleti — 1 ýyl;

— ýerli öz-özüni dolandyryş hukugy, okuwyň möhleti — 1,5 ýyl;

— ylym we bilim işlerini dolandyryş, okuwyň möhleti — 1,5 ýyl.

Okuwa ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolanlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soň­ky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Akademiýanyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 24 — 29-njy iýuly aralygynda geçirilýär.

Gaýtadan taýýarlamak ugry boýunça giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

— ykdysady nazaryýet, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary.

Magistrleri taýýarlamak ugry boýunça giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

— sanly dolandyryş taýýarlygy boýunça

– kompýuter sowatlylygy, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

— işgärleri dolandyryş taýýarlygy boýunça

— jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

— ýerli öz-özüni dolandyryş hukugy taýýarlygy boýunça

— jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

— ylym we bilim işlerini dolandyrmak taýýarlygy boýunça

— jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda döwlet dilinde geçirilýär.

Bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soň­ky synaga goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan oku­wa ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler;

— daşary ýurt dillerini bilýänler.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Ny­ýa­zow şa­ýo­ly, 112,

Te­le­fon bel­gi­le­ri: 49-84-72, 49-88-46.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Aşgabat şäherinde III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler

Türkmen wekiliýeti Kazanda türkmen talyplary bilen duşuşdylar

Türkmenistanyň «Memoriad 2024» bäsleşigine gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkiýede 200 döwletden 340 müň talyp bilim alýar

Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Belarusyň döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder