TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

6-njy iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Ýyldyzlaryň hereketiniň 6-njy iýul güni ykbalyňyza ýetirýän täsiri barada bilesiňiz gelse, size şol günüň täleýanamasyny hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün üstünlik getirmegi wada berýär. Bu bolsa, döredijilik we işewürlik teklibiňiziň artjakdygyny görkezer. Emma işewür teklipleriň özüne çekmegi sebäpli käbir bulaşyklyk hem mümkin. Diňe gapandaky peýniriň mugtdygyny ýatdan çykarmaly däldir. Durmuşyň ähli ugurlaryndaky kynçylyklaryny ýeňip geçmek üçin paýhas we akyl zerurdyr. Gündelik işiňize gözegçiligiňizi ýitirmezlige çalşyň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Daş-töweregiňizdäkileriň hemmesine – kärdeşleriňize, dostlaryňyza we ýakynlaryňyza – siziň gatnaşmagyňyz we rehimdarlygyňyz gerek bolar. Dynç almaklyga aýratyn wagt goýuň. Häzirki wagtda durmuşyňyz barada çynlakaý oýlanmak, doga etmek maslahat berilýär.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün ýadawlyk we gaharlanma bilelikde bolar. Içiňizdäki negatiw duýgulara erk edip bilmersiňiz. Olara doly göz ýetiriň we duýgularyňyzy gözegçilikde saklaň. Maşgalada ýetginjek çagalar bilen gapma-garşylyk bolup biler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Işewürligiňizde üstünlik getirjek işjeň gün. Teklipler ýa-da haýyşlar bilen häkimiýetlere ýüz tutmak amatly. Çünki bu gün siziň haýyşlaryňyz ret edilmez, gaýtam üstünlikli işiň başlanmagyna sebäp bolar. Üstünligiň esasy şerti ýokary hünärlilikdir. Saglygyňyz barada aýratyn alada ediň. Dogry we peýdaly iýmitlenmegi ýadyňyzdan çykarmaň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu günüň wakalary we töweregiňizdäki adamlar bilen aragatnaşyk rahatlyk we asudalyk duýgusyny döreder. Ähli şübheleri taşlap, saýlanlaryňyza söýgi görkezseňiz, özüňizi bagtyň iň ýokary belentliginde duýarsyňyz. Iş bilen baglanyşykly meseleleri biraz wagtlyk ýatdan çykarsaňyz has gowy bolar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün gyzykly, ýagty we ýatda galyjy boljakdygyna güwä geçýär. Bu gün sizin içki dünýäňiziň has-da baýlaşmagy, has duýgur bolmagyňyz bilen tapawutlanýar. Gören düýşleriňizi gowy tarapa ýoruň. Olar tiz wagtda amala aşyp biler. Özüňizi rahat we asuda duýarsyňyz. Şu gün etmek isleýän ähli satyn alyşlaryňyz üstünlikli bolar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Ýolbaşçylar bilen gatnaşyklar gowulaşar. Ýöne güýçli taraplaryňyza we mümkinçilikleriňize aşa uly baha bermäň, özüňize çekip-çydap bolmajak ýük almaň. Saglygyňyza aýratyn üns beriň. Häzirki wagtda şypahanalara gidip intensiw bejeriş alyp barmak diýseň peýdaly bolar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün söýgi, nika baglaşmak, täze uzakmöhletleýin işe başlamak üçin amatlydyr. Ýaşuly garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz we kärdeşleriňiz bilen gatnaşyklar ep-esli gowulaşar. Är-aýalyň arasyndaky gatnaşyklar has ýumşak bolar. Birek-birege zerurlygy öňküsi ýaly duýarsyňyz. Durmuş gurmadyk akraplar bu gün öz söýgüsini tapyp bilerler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Başagaý, işjeň gün, gepleşik geçirmek, zerur hukuk maslahatyny almak üçin amatly. Ynamly we aýgytly hereket, kesgitlenen maksatlara öňe gidişlik geljegi uly işleri meýilleşdirmek bilen utgaşmalydyr. Sizde bolan paýhas, duýgurlyk we garaşsyzlyk gündelik möhüm meseleleri çözmäge kömek eder.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün şahsy durmuşyň üýtgemegi bilen baglanyşykly bolar. Öňden bäri bolan gowşak gatnaşyklaryňyz kesiler. Siziň pikiriňiz deň gelmeýän hyzmatdaşlaryňyz bilen uly düşünişmezlikleriň, hatda dawanyň hem bolmagy mümkin.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Täze işe yhlas bilen başlamak, işjeňligiňizi güýçlendirmek we esasan hem ýakyn adamyňyz bilen gatnaşyklaryňyzy kesgitlemek maslahat berilýär. Islenilmeýän netijelere sebäp bolup biljek gizlin duýgulara ýol bermäň. Siziň daşyňyzdan giň, parahat görünmegiňiz, duşmanlaryň hilelerinden we hüjümlerinden gorar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Durmuş mümkinçiliklaeriňizi ýokarlanmagy bilen tapawutlanjak oňat gün. Bu bolsa, umyt, özüňize bolan ynam, geljege optimistik dünýägaraýyş, gowulaşmak , has-da kämilleşmek islegini döreder. Bu günki geljek netijeleriňiz, boljak wakalar siziň geljegiňizi kesgitläp biler.

“Ata Watan Eserleri”: baýrakly makala ýaryşy dowam edýär

 

Ýene-de okaň

09-njy dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

08-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hepdelik täleýnama (05-11 dekabr )

Teswirle