TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Talyplyga dalaşgärler üçin täleýnama

Saýtymyzyň hormatly okyjylary! Belki-de siziň araňyzda 2021-nji ýylyň dalaşgärleri-de bardyr. Hawa, hünär saýlamak ynsan durmuşynyň iň aýgytlaýjy meseleleriniň biridir. Ol diýseň ünsli bolmagy, ýüregiňizi diňlemegi we başarnyklaryňyzy, zehiniňizi göz öňüne tutmagy talap edýär. Elbetde, siziň köpiňiziň eýýäm çagalykdan bäri göwnüňizde besläp ýören arzuwyňyz, höwes edýän ugruňyz hem bardyr. Hünär saýlamak adamyň häsiýetine, isleglerine hem baglydyr. Ýyldyzlaryň adamyň häsiýetine ýetirýän täsiri dogrusynda bolsa, köpiňiz bilýän bolsaňyz gerek. Hut şol sebäpli-de “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty  ýörite dalaşgärler üçin HÜNÄR TÄLEÝNAMASYNY hödürleýär.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!

Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Biz saýtymyzyň döredijilik toparynyň adyndan dalaşgärleriň ählisine uly üstünlikleri, öz saýlan hünärleriniň hakyky eýesi bolmaklaryny, geljekde ata Watanymyzy has-da ösdürjek hünärmenler bolup ýetişmeklerini arzuw edýäris.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallar tebigaty boýunça höwesli, işjeň we galjaňdyrlar. Adaty ýa-da hemişe bir ýerde oturyp geçilýän durmuş olar üçin däl. Hamallardan ajaýyp telekeçiler, lektorlar, diş, mal lukmanlary, ajaýyp mehanikler, aşpezler, hirurglar, heýkeltaraşlar çykar. Özü-de hamallar elmydama birinji bolmaga çalyşýarlar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlar ýaşlykda hünär saýlamak, baýamak hakda köp pikir edýärler. Köp girdeji getirjek bolsa, sowurlar adaty işe-de garşy däl. Sowurlar arhitektura, interýer, gurluşyk ýaly öýüň rahatlygy bilen baglanyşykly işlerde, şeýle-de şekillendiriş sungatynda, aýdym-sazda özlerini gowy görkezýärler. Syýasat olar üçin däl.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar isleýän zatlaryny we işlerini yzygiderli üýtgemegi makul bilýärler. Olar islendik adamy islendik meselede ynandyryp bilýärler. Şonuň üçin-de, jöwzalardan üstünlikli mahabat agentleri, dolandyryjylar, telewideniýe we radio habarçylary, artistler, žurnalistler, neşirýatçylar çykyp biler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar hünär saýlamak baradaky çynlakaý mesele babatynda ykbala garaşmaklygy makul bilýärler. Olaryň köpüsi atalarynyň kärini dowam edýärler. Seretanlar esasan hem, çagalar, haýwanlar bilen işlemegi gowy görýärler. Olardan gowy psihologlar, lukmanlar, enekeler çykar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetler dolandyrmagy, baştutan bolmagy makul bilýärler. Şol sebäpli-de olardan gowy telekeçiler, hudožnikler çykar. Esetler intellektual iş bilen baglanyşykly hemme zatda üstünlik gazanýarlar. Olar diňe özlerine bil baglaýarlar. Esetleriň esasy ugurlary syýasat, medeniýet, şou-biznes bilen baglanyşykly işlerdir.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler hünär saýlamak meslesinde diýseň ünslüdirler. Olardan gowy lukmanlar, farmasewtler, akuşerler, dietologlar, şeýle hem dizaýnerler, tikinçiler, telefon operatorlary çykarlar. Umuman, olary jemgyýetiň “işçi arylary” hasaplasa bolar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlaryň karar bermesi kyndyr. Şol sebäpli-de olar hünär saýlamakda kömege mätäçdirler. Mizanlar toparda özlerini gowy duýýarlar we işini hemişe ýokary derejede ýerine ýetirýärler. Olaryň iş ugry moda we güýmenje. Olardan gowy teatr agentleri, aklawçylar, kazylar, žurnalistler çykyp biler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplardan ajaýyp deňizçiler, magdançylar, mehanikler çykyp biler. Akraplaryň akyllary we duýgulary diýseň deňagramly. Hut şol sebäpli-de, olar ajaýyp filosoflar bolup bilerler. Diýseň bilesigeliji bolandyklary sebäpli, durmuşyň manysyny gözlemeklige-de ömrüni bagyşlap bilerler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslaryň topary ruhlandyrmak, onuň bilen bir dem almak häsiýeti bar. Olardan ajaýyp türgenler, awçylar, aşpezler, çapyksuwarlar, terjimeçiler, jemgyýetçilik işgärleri çykyp bilerler. Olar öz başlan we saýlan işini gowy we halal ýerine ýetirýärler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jediler agyr zähmetden gorkýarlar. Toparda olar özlerini agyr we birahat duýýarlar. Şonuň üçin-de indiwidual ýerine ýetirilmeli işler olar üçin has amatly. Olardan gowy gurluşykçylar, geograflar, agronomlar, binagärler, matematiklar, filosoflar we sosiologlar çykar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar topar bilen bir jan bir ten bolup zähmet çekmekligi diýseň gowy görýärler. Olar öz pikirlerini beýlekilere düşündirmegi başarýarlar. Şol sebäpli-de olardan gowy mugallymlar, telegepleşikleri alypbaryjylar, režissýorlar, psihologlar çykyp bilerler.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar üçin esasy zat duýgurlykdyr. Işde-de olar bellibir ritmde, yzygiderlikde, meýilnama boýunça hereket etmegi gowy görýärler. Olardan zehinli ýazyjylar, aktýorlar, suratkeşler, lukmanlar, mugallymlar we aklawjylar çykyp biler.

“Xiaominiň” täze modelleri bilen tanşyň: “Wili” we “Liza”

 

Ýene-de okaň

23-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

22-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

21-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle