TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Xiaominiň” täze modelleri bilen tanşyň: “Wili” we “Liza”

Bilşimiz ýaly, hytaýly telefon öndüriji şereket “Xiaomi” köp wagtdan bäri täze telefonlaryny ulanyjylara tanyşdyrmagy dowam etdirýär. Ýaňy-ýakynda dünýä metbugatynda bu şereketiň başgaça atlar bilen atlandyran telefonlaryny tanyşdyrjakdygy barada habarlar ýaýrady. Bu gezek adatdaky kodlar bilen atlandyrylmadyk iki sany täze modeliň başga atlar bilen satuwa çykmagyna garaşylýar.

“Qualcomm Snapdragon 888 5G” we “Qualcomm Snapdragon 778G” prosessorlary bilen üpjün edilen täze telefonlar ýakyn wagtda satuwa çykar.

Täze çykan habarlara görä, “Xiaomi” şereketiniň täze çykarjak telefonlary “Vili” we “Lisa” diýlip atlandyryldy.

“Vili” atly telefon “Snapdragon 888 5G” prosessory bilen üpjün edilipdir. Şeýle hem bu telefon FullHD+ ekrana we 120 Hz ekran täzelenme tizligine eýe.

“Snapdragon 778 G” prosessory bilen üpjün edilen “Lisa” atly telefonda bolsa, 3 sany kamera (64 megapiksellik GW3 esasy, ultra giňişlik we makro sensorly kameralar) ýerleşdirilipdir.

“Xiaomi” şereketiniň ýakyn geljekde ýene birnäçe telefonlary öndürjekdigi hem çykan habarlarda aýdylýar. Bu telefonlaryň atlary bolsa şeýle:

“Evergo”;

“Evergreen”;

“Zeus”;

“Cupid”;

“Psyche”;

“Bestla”;

“Pissaro”;

“Pissaro Pro”;

“Cygnus”;

“Hyacinth”;

“Divine”;

“Lepus”;

“Mercury”.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Tokio-2020: 3-nji gezek Olimpiýa çempiony boldy

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle