TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Tokio-2020: 3-nji gezek Olimpiýa çempiony boldy

Wengriýaly türgen Aron Siladi Tokio Olimpiýa oýunlarynda gazanan üstünligi bilen 3-nji gezek Olimpiýa oýunlarynyň çempiony boldy. Sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça bäsleşýän Aron Siladi final tapgyrynda italiýaly türgen Luiji Sameleni 15:7 hasabynda ýeňip, altyn medalyň eýesi boldy.

31 ýaşly türgen ozal 2 gezek Olimpiýa çempiony bolupdy. Ol 2012-nji hem-de 2016-njy ýyllarda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanandna soňra 3-nji altyn medalyny Tokio Olimpiýa oýunlarynda gazandy.

Wenger türgeni şol bir wagtda dünýä çempiony hem-de Ýewropanyň 2 gezek çempiony bolupdy.

 

Tokio-2020: Medallaryň sanawynda Hytaýda öňde

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Katar-2022: Ýaponiýa pleý-off tapgyrynda, Germaniýa öýüne dolandy

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Teswirle