Aýyň täleýnamasy: Dekabr

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Gündelik täleýnamasy bilen yzygiderli gyzyklanýan mähriban okyjylar! Size tutuş dekabr aýynyň täleýnamasyny hödürleýäris.

Mähriban okyjylar! Siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Ýyldyzlar hamallara ýeňil we rahat dekabr aýyny wada berýärler: işjeň, täsirli we gaty köp energiýa sarp edýän öňki aýlardan tapawutlylykda, gyşyň ilkinji aýynda hemme zady tötänleýin goýmak kararyna gelýärsiňiz. Belki bu size diýseň peýdaly bolar: her bir hereketiňiz hakda oýlanmaga wagtyňyz bolar, kelläňizdäki ähli möhüm kararlary täzeden aýlaň we konsentrasiýa derejesini ýokarlandyryň. Ýöne dekabr aýyny ýaltalyk aýyna öwürmejek boluň. Beýle edilse, ol size geljekde uly zyýan ýetirip biler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Dekabr ýalňyzlyk we garaşsyzlyk aýy bolar. Bu bolsa, ruhuňyzyň we bedeniňiziň talap edýän zadydyr. Dekabr aýynda özüňizi we islegleriňizi diňlemek üçin ajaýyp mümkinçilik alarsyňyz. Gowy çözgüt, kurortda gezelenç etmek we dürli gözellik bejergileri üçin wagt aýyrmak bolar. Özüňize ideg etmek diňe bir estetiki lezzet bermän, eýsem ynam döreder. Täze ýyl salatlaryňyzy täýýarlamaga howlukmaň, häzir karýeraňyza üns bermek üçin iň amatly pursatdyr. Dekabr aýynda ýyldyzlar siziň wezipäňiziň ýokarlanmagyny görkezýärler.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar üçin bu aý aňsat bolmaz: iň eziz adamlar bilen gatnaşyklar ýaramazlaşyp biler, ownuk-uşak zatlar hakda dawa-jenjel bolup biler. Özüňi alyp barşyňyza we ýagdaýlara bolan garaýşyňyza üns bermeli. Dekabr aýynda, her bir mesele hem uly we dünýä çöküp barjak ýaly bolup görünmegi mümkin. Ýöne ýakyn wagtda dem almaga, ähli ýagdaýlary pikirlenmäge we aladalaryň zerur däldigine düşünmäge mümkinçilik dörär.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar üçin dekabr aýynda her bir zat jadyly we kosmiki ýaly duýulýar. Her bir waka garaşylmadyk ýagdaýda bolar. Ähli zadyň dünýädäki dildüwşük sebäpli bolandygyna şübhelenip bilersiňiz! Şeýle ajaýyp wakalaryň beýle çalt we yzygiderlikde bolup bilýändigine ynanmarsyňyz. Şeýle-de bolsa, hüşgärligiňizi ýitirmeli däl: saglygyňyza üns beriň, özüňizi ruhdan düşürmäň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetler, bu aý siziňki! Üstünlik hemme ýerde, esasanam saglyk meselesinde dowam eder. Ahyrynda geçmişiň agyrlyklaryndan dynarsyňyz we ynamly ädim bilen täze möwsüme girersiňiz. Şeýle-de bolsa, käbir adamlar bilen gatnaşykda seresap bolmaly: hemmelere serediň, sebäbi olar siziň pikir edişiňiz ýaly däl bolup biler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler dekabr aýynda öndümli işlär. Iş ýerinde size bolan täze garaýyşlar döräp biler. Täze kärdeşler peýda bolup biler. Ýöne söýgi meselesinde, bagtly bolmagyňyz mümkin: kararlara howlukmaly däl, ýoldaşyňyza has gowy seretmeli, bu gatnaşyklardaky abadançylygyňyza aýawly garaň. Wagtyňyzy özüňiz üçin ulanyň. Si- muny haçandan bäri etmändiňiz!

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Dekabr aýynda işiňizdäki üstünlikleriňize üns bermeli. Şowsuzlyklar we maliýe krizisleri bolup biler. Pula bolan garaýşyňyzy gözden geçiriň, hyzmatdaşlar bilen täze şertleri ara alyp maslahatlaşyň. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşykda hemme zat gowulaşar. Hyzmatdaşlaryňyz şu aýda iň gowy häsiýetlerini görkezerler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu aýda akraplar gowy maliýe girdejilerine bil baglap bilerler, şonuň üçin käbir ykdysady kynçylyklar ýüze çyksa-da, olardan şowly ýagdaýda baş alyp çykmagy başararsyňyz. Şahsy gatnaşyklarda-da dekabr aýy iň gowy döwür bolmaz, ýöne hemişe ýanyňyzda bolan adama üns bermeli. Çünki iň ýakyn adamlaryňyz size islendik ýagdaýda kömek ederler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslara bu aýda uly şowlulyklar garaşýar! Täze ýylyň ajaýyp atmosferasy sizi kynçylyklardan daşlaşdyrar, dynç alyşa taýýarlyk görüp, özüňizi maşgalaňyza doly bagyş edersiňiz. Şeýle-de bolsa, bu işiň hiline täsir edip bilmez: ýolbaşçylar bilen gatnaşyklara üns beriň, olar ýaramazlaşyp biler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jediler söýgi gatnaşyklarynda kyn döwre duçar bolarlar. Ýoldaşyňyzyň size nähili garaýandygyna üns bermelisiňiz we jübütiňizi has-da gowulaşdyrmak üçin näme etmelidigiňizi pikirlenmelisiňiz. Şeýle-de bolsa, dekabr aýynda goşmaça bir zat bolar: ykbaldan uly garaşylmadyk zatlar garaşylýar. Belki başga ýere göçmeklik ýa-da täze bir käri eýelemeklik bolup biler.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlaryň täze hyzmatdaşlygy üçin iň amatly pursat dowam edýär. Özüňizi bir ýere jemlemegi başaryň we täze karýeranyň basgançagyna çykyň. Maşgala gatnaşyklarynda size doly düşünişmeklik we parahatçylyk garaşýar. Ýoldaşyňyz bilenem, beýleki ýakynlaryňyz bilenem ahyrsoňy umumy bir dil taparsyňyz we ähli nägilelikleri ýatdan çykararsyňyz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar işlerinde olaryň biperwaýlygy we ýoklugy sebäpli kynçylyklaryň döremegine taýyn bolmaly. Hawa, “Täze ýyla taýynlyk görmeli wagty nädip işlemeli?” diýen sorag döräp biler. Şeýle-de bolsa, bu işi äsgermelik ýa-da oňa gijä galmak üçin bahana däl, dekabr aýynda “ýüzmegiňizi” dowam etmek isleseňiz bu soragy ýatdan çykarmalysyňyz. Emma dekabr aýy size iň gymmatly zady – ähli saglyk meseleleriniň çözgüdini berer!

“Ballon d’Or” baýragy barada…

 

 



ÝENE-DE OKAŇ

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy. Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan...
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Ol Hytaýyň bu sebitiň...
Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan "Amazon" kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos futbol dünýäsine aralaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Italiýanyň metbugaty habar berýär. Metbugatyň habaryna görä, Italiýanyň Naples şäherinde kosmos bazasyny gurmak isleýän Bezos şol bir wagtda "Napoli" toparyny hem satyn almagy meýilleşdirýär. "Napoli" topary De Laurentisden Jeff Bezosa geçmeigne garaşylýar. Kino prodýuseri Aurelio de Laurentis "Napoli" topary bilen bir hatarda Italiýanyň aşaky...
Şu gün “Hytaý-Merkezi Aziýa döwletleri” döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly sammiti geçirildi. Onlaýn tertibinde geçirilen bu sammit Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy esasynda geçirilýän bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geçen 30 ýylyna syn berlen onlaýn...
Dünýäniň iň baý tehnologiýa milliarderleriniň umumy baýlygy 2022-nji ýylyň başyndan bäri 85,7 milliard dollar azaldy. Ilon Mask, Jeff Bezos, Bill Geýts, Larri Page we Mark Zukerbergiň baýlygynyň azalmagy; inflýasiýa we göterim derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly boldy. Ine, dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygynda ýitirilen milliardlarça dollar... Dünýädäki iň baý bäş adamyň baýlygy, geçen hepdäniň bazaryndaky satuwdan soň uly täsir galdyrdy. 2022-nji...

Iň täze habarlar