“Ballon d’Or” baýragy barada…

“France Football” neşiri tarapyndan her ýyl möwsümiň iň gowy futbolçysyna gowşurylýan – “Ballon d’Or” baýragynyň 2021-nji ýyldaky ýeňijisi belli boldy. Ony 7-nji gezek Lionel Messi gazandy. Bu köp sanly futbol bilermenleriniň tankydyna sebäp boldy. Bilermenler bu baýraga polşaly Robert Lewandowskiniň ýa-da italiýaly Jorjinýonyň gazanmagyna garaşýardylar.

MESSINIŇ 7-NJI “ALTYN PÖKGÜSI”

2021-nji ýylda Lionel Messiniň gazanan iň uly üstünligi Amerikanyň Kubogy boldy. Ol bu baýragy Argentinanyň milli ýygyndysy bilen gazanyp, ýygyndynyň düzümindäki iň abraýly kubogy boldy. Futbol dünýäsinde Ispaniýanyň “Barselona” topary bilen tanalan Messi bu topar bilen köp sanly üstünlikleri gazandy. Ýöne onuň şu wagta çenli Argentinanyň milli ýygyndysy bilen gazanan üstünligi bolmandy. Bu üstünligi hem Amerikanyň Kubogyny gazanmak bilen eýe bolan Messi özüniň 7-nji “Altyn Pökgüsini” gazandy. Häzir Messi Fransiýanyň “PSŽ” toparynda çykyş edýär.

“ALTYN PÖKGÜNIŇ” TARYHY

“Ballon d’Or” ýa-da “Altyn Pökgi” baýragy”France Football” žurnalynyň baş redaktory Gabriel Ano tarapyndan esaslandyryldy. Ol ilkinji gezek 1956-njy ýylda Angliýanyň “Belkpul” toparynyň hüjümçisi Stenli Mettýuza gowşuryldy. Bu baýraga mynasyp bolan futbolçyny futbol žurnalistleri saýlady.
Ilkibaşda “Altyn pökgi” baýragy diňe ýewropaly futbolçylara gowşurylýardy. 1995-nji ýyldan soňra bu düzgün üýtgedilip, Ýewropanyň futbol toparlarynda çykyş edýän islendik milletiň futbolçylaryna berlip başlandy. 2007-nji ýyldan bäri bu sylaga islendik futbolçy eýe bolup bilýär.
Ilkinji gezek bu baýrak 2020-nji ýylda gowşurylmady. Oňa hem koronawirus pandemiýays sebäp boldy.
GOWUDAN GOWUSY
Messi bu abraýly baýraga 7-nji gezek (2009, 2010, 2011, 2012, 2015, 2019, 2021) mynasyp boldy. Onuň bu ugurdaky iň ýakyn bäsdeşi Kristiano Ronaldodyr. Ol 5 gezek (2008, 2013, 2014, 2016, 2017) bu sylagy eýeledi.
Şeýle hem ýene-de 8 futbolçy “Altyn pökgi” baýragyny 1-den köp gezek gazanmagy başardy. Olar  – fransiýaly Mişel Platini (1983, 1984, 1985), niderlandly Ýohan Kroýf (1971, 1973, 1974) we Marko wan Basten (1988, 1989, 1992), germaniýaly Frans Bekkenbauer (1972, 1976) we Karl-Haýns Rummenigge (1980, 1981), braziliýaly Ronaldo (1997, 2002), ispaniýaly Alfredo Di Stefano (1957, 1959) we angliýaly Kewin Kigan (1978, 1979).
Ozalky SSSR-e wekilçilik edýän 3 futbolçy bu baýragy gazandy. Olar – bu baýraga mynasyp bolan ýeke-täk derwezeban Lew Ýaşin (1963), Oleg Blohin (1975) we Igor Belnow (1986).

“Altyn pökgi” baýragyna birnäçe gezek mynasyp bolan futbolçylary

Futbolçy Ýurdy Gazanan ýyllary Gazanan sany
Lionel Messi Argentina 2009, 2010*, 2011*, 2012*, 2015*, 2019, 2021 7
Kristiano Ronaldo Portugaliýa 2008, 2013*, 2014*, 2016, 2017 5
Mişel Platini Fransiýa 1983, 1984, 1985 3
Ýohan Kroýf Niderlandlar 1971, 1973, 1974 3
Marko wan Basten Niderlendlar 1988, 1989, 1992 3
Alfredo Di Stefano Ispaniýa/Argentina 1957, 1959 2
Frans Bekkenbauer Germaniýa 1972, 1976 2
Kewin Kigan Angliýa 1978, 1979 2
Karl-Haýns Rummenigge Germaniýa 1980, 1981 2
Ronaldo Braziliýa 1997, 2002 2

 

Toparyny täzelän we şol ýyl “Altyn pökgi” baýragyna eýe bolan futbolçylar

Ýyl Futbolçy Giden topary Baran topary
1973 Ýohan Kroýf Aýaks Barselona
1987 Rud Gullit PSW Milan
1995 Jorj Wea PSŽ Milan
1997 Ronaldo Barselona Inter
2000 Luiş Figo Barselona Real
2002 Ronaldo Inter Real
2006 Fabio Kannawaro Ýuwentus Real
2021 Lionel Messi Barselona PSŽ

 

 

Messi 7-nji gezek “Ballon d’or” baýragyny gazandy



ÝENE-DE OKAŇ

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy. Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan...
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Ol Hytaýyň bu sebitiň...
Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan "Amazon" kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos futbol dünýäsine aralaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Italiýanyň metbugaty habar berýär. Metbugatyň habaryna görä, Italiýanyň Naples şäherinde kosmos bazasyny gurmak isleýän Bezos şol bir wagtda "Napoli" toparyny hem satyn almagy meýilleşdirýär. "Napoli" topary De Laurentisden Jeff Bezosa geçmeigne garaşylýar. Kino prodýuseri Aurelio de Laurentis "Napoli" topary bilen bir hatarda Italiýanyň aşaky...
Şu gün “Hytaý-Merkezi Aziýa döwletleri” döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly sammiti geçirildi. Onlaýn tertibinde geçirilen bu sammit Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy esasynda geçirilýän bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geçen 30 ýylyna syn berlen onlaýn...
Dünýäniň iň baý tehnologiýa milliarderleriniň umumy baýlygy 2022-nji ýylyň başyndan bäri 85,7 milliard dollar azaldy. Ilon Mask, Jeff Bezos, Bill Geýts, Larri Page we Mark Zukerbergiň baýlygynyň azalmagy; inflýasiýa we göterim derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly boldy. Ine, dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygynda ýitirilen milliardlarça dollar... Dünýädäki iň baý bäş adamyň baýlygy, geçen hepdäniň bazaryndaky satuwdan soň uly täsir galdyrdy. 2022-nji...

Iň täze habarlar