TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

4-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Günlük täleýnama bilen gyzyklanýan saýtymyzyň hormatly okyjylary üçin, 4-nji noýabrdaky ýyldyzlaryňyza görä täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Döredijilik we öz pikiriňi beýan etmek üçin giň mümkinçilikler açylar, ýöne ýyldyzlar işjeň fiziki hereketlerden we köpçülikleýin üýşmeleňlerden saklanmagy maslahat berýärler. Diňe aýratynlykda edilen işler üstünlik getirer. Söýgi we romantiki başdan geçirmeler üçin ajaýyp gün.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün negatiw meýilleri başdan geçirersiňiz we gaty stresli bolarsyňyz. Ýüze çykan meseleler sizi isleg bilen borjuň arasynda ylalaşyk tapmaga mejbur eder. Çagalar bilen gatnaşygyňyzda sesiňizi gataltmakda, çakdanaşa talapkär bolmakdan gaça duruň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Köp fiziki stres talap edýän höwesjeň ýa-da islendik işler, güýjüňizi düýpli pese gaçyryp biler we üstünlik gazanmak islegi siziň abadançylygyňyza ýaramaz täsir eder. Häzirki wagtda howlukmaçlyk we aljyraňňylyk size zyýan ýetirer.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Planetalaryň amatsyz ýerleşişi sebäpli, özüňi alyp barşyňyzda  ýa-da işde ýalňyşlyklar garaşýar. Duýdansyz keýpiň üýtgemegi, meýilnamalaryň we pikirleriň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler, hyzmatdaşlar bilen gapma-garşylyklar bolup biler. Bu ýagdaýdan abraý bilen çykmak üçin ähli tagallalary etmeli bolarsyňyz. Resmi ýa-da jemgyýetçilik pozisiýaňyzyň sarsdyrylmagy ähtimal: muny ýüregiňize almaň – wagtyň geçmegi bilen hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu günüňiziň hoşniýetli boljakdygyna ýyldyzlar söz berýär. Söwda işi üstünlikli bolar. Uzak syýahatlar, gezelençler, gyzykly adamlar bilen duşuşyklar ähtimal. Täze romantikanyň döremegi ýa-da köne gatnaşyklaryň täzelenmegi hem aradan aýrylmaýar. Işleriňizi oýlanyşykly meýilleşdirmek we güýç paýlamak ukyby ýakyn wagtda maksadyňyza ýetmäge kömek eder.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Gün kapyrlygyň, aldawyň, ýalan wadalaryň alamaty bilen geçýär. Bu gün, ýyldyzlar işiňiziň maliýe tarapy bilen baglanyşykly etjek işleriňiz hakda düýpli pikir etmegiňizi maslahat berýärler. Töwekgelçilikli şertnamalar ýitgiler getirip biler. Ähtimal, siziň ygtybarlylygyňyza ýaramaz täsir etjek çynlakaý gözegçilik bolup biler. Her dürli jedellerden, dawa-jenjellerden gaça durmaga synanyşyň, size ýüzlenýän tankydy belliklere üns bermäň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Söýgi meselelerinde şowsuzlyklar ýa-da nätanyş adamlar bilen çaknyşmak, ähtimal, siziň peýdaňyza bolmaz. Bu gün öňdengörüjilik etjek bolmaň. Bu örän howpludyr we erbet güýçleri özüne çekip biler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Işli, başagaý gün. Şu gün bellenilen meýilnamalar we islendik işjeň hereketler islenýän netijäni bermez. Bu güni durmuşyňyzdaky üstünlikleriňizi we şowsuzlyklaryňyzy jikme-jik gözden geçirmäge bagyşlaň. Düşünjäňize ynanyň, daşardan gelen maslahatlara bil baglamaň – diňe özüňiz özüňize kömek edip bilersiňiz.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Işgärler ýa-da başlyklar bilen aragatnaşyk saklamak, döwlet edaralary ýa-da jemgyýetçilik guramalary bilen habarlaşmak üçin amatly gün. Bu gün meseleleriňizi çözmekde ýa-da karýeranyň ösüşinde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Käbir maddy taýdan gowulaşmak bilen bagly ýa-da kabul edilmeli özüne çekiji teklip garaşýar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Günüňiziň biraz kyn bolmagyna garaşylýar. Ýyldyzlar käbir meselelerde saklanmagy maslahat berýärler. Durmuş synaglarynda mert durmagy başaryň. Aragatnaşyklary çäklendiriň. Ýyldyzlaryň oňaýsyz tertibi maliýe ýitgileri ýa-da abadançylygyň ýaramazlaşmagy barada duýduryş berýär. Töwekgelçilik etmek ýa-da gymmat bahaly zatlaty satyn almak bilen meşgullanmak maslahat berilmeýär. Özüňizi kämilleşdirmäge we täze ýagdaýlara uýgunlaşmaga synanyşyň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün karýera hakda pikir etmek üçin gaty bir gowy gün däl. Çözülmedik meseleler ýa-da garaşylýan ýagdaýlar sizi ýeňip biler, emma bulary çözmek üçin ep-esli wagt ýa-da maliýe çykdajylary gerek bolar. Maşgala gatnaşyklary amatsyz – asuda, parahat aragatnaşyklarda-da gapma-garşylyklar ýüze çykyp biler. Häzirki wagtda hiç bir jedellere goşulyşmaň, dynç almaň we ownuk zatlara ünsüňizi sowmaň. Edilen ýalňyşlyklary düzetmek gaty kyn bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Ýakyn wagtda boljak waka ýa-da täzelik, işiňize peýdaly täsir eder. Täze uzak möhletli meýilnamalar işiňiziň stilini we derejesini üýtgedip biler ýa-da gowy nagt girdeji wada berýän bilelikdäki taslama gatnaşmak teklipini alarsyňyz. Belki, bu gün şahsy durmuşyňyz, ýoldaşyňyz bilen gatnaşygyňyzda käbir üýtgeşmelere sebäp boljak hünär işleriňize täsir eder.

Russiýanyň uniwersitetlerine ýüz tutmagyň möhleti uzadyldy

 

Ýene-de okaň

Aýyň täleýnamasy: Dekabr

Ata Watan Eserleri

02-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

01-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle