TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

27-nji Maýda Ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Ykbalyň bagt ýyldyzynyň size nämeler diýýändigini bilesiňiz gelse, 27-nji maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün işewür gatnaşyklar ýa-da emosional baglanyşyklar üçin amatly. Şahsy durmuşyňyzdaky meseleler hakda çynlakaý pikirlenmäge mejbur etjek habar ýa-da waka bolup biler. Täze tanyşlar soňrak mahabat, karýera ýa-da maddy üstünlik üçin esas bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowur zenanlarynyň täze gatnaşyklara garaşýan bolmaklary gaty ähtimal. Şu nukdaýnazardan şahsy durmuşdaky üýtgeşmeler hem bolup biler. Toros erkekleri durmuş ýörelgelerini, ygtyýarlyklaryny ýa-da garaýyşlaryny işjeň goramaly bolarlar, ýogsam wakalaryň gidişi olaryň peýdasyna üýtgemez.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Ýyldyzlaryň ýerleşişi henizem professional işjeňlik ugrundaky iş üçin amatly däl. Her ýerde wagtynda bolmak ýa-da ähli hadysalary birbada çözmek islegi ýalňyşlyklara ýa-da nerwiň aşa köpelmegine sebäp bolup biler. Erbet habar sizi geň galdyrar ýa-da meýilnamalaryňyzy üýtgetmäge mejbur eder. Nätanyş adamlardan azajyk maddy goldaw ýa-da gymmatly maslahatlar almagyňyz mümkin.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlaryň, esasanam garrylaryň saglyggynyň erbetleşmegi, dowamly keselleriň agyrlaşmagy bolup biler. Şonuň üçin-de öz saglygyňyza bu gün has uly üns beriň. Şahsy durmuşyňyzdaky kynçylyklar sizi berk karara gelmäge ýa-da aýgytly çäre görmäge mejbur eder. Özüňizi saklaň – çaknyşyklar siziň peýdasyna çözülmez.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Ýyldyzlar, esasanam täze pikirler töwekgelçilikli bolsa, ýoluňyzda çynlakaý päsgelçilikleriň ýüze çykmagyny aradan aýyrmaýar. Gündelik problemalary çözmek, açgözlük etmek ýa-da alkogolly içgileri içmek maslahat berilenok.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün artyk taraplaryňyza we mümkinçilikleriňize aşa ýokary baha bermeli däl. Şowlulyga bil baglamaly däl. Ýyldyzlar islendik teklipleriň peýdasynyň hyýaly boljakdygyny we aşa stresiň saglygyňyza zyýan ýetirip biljekdigini görkezýär. Ýakyn adam bilen gatnaşyklaryňyzda kynçylyklar bolup biler.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Başgalaryň kömeginden ýüz öwürmäň – bu gün bilelikdäki iş we köpçülikleýin çäreler size peýdaly. Ýdakynlaryňyza üns beriň. Gatnaşyklaryň doly bozulmagyna sebäp bolup biljek düşünişmezlikler ähtimal. Sabyrly boluň, negatiw duýgulara ýol bermäň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Ýyldyzlar öz saglygyňyza ýa-da ýakynlaryňyzyň saglygyna üns bermelidigiňizi duýdurýarlar. Planetalaryň amatsyz tertibi duýdansyz keýpiň üýtgemegini, emosional bozulmalary ýa-da keseliň ýüze çykmagyny alamatlandyrýar. Garşy jynsdaky adamlar bilen täze aragatnaşyklardan ägä boluň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Başga adamlaryň pikirlerinden doly boljak, ahlak arassalygy bilen baglanyşykly kyn we howply gün. Öz-özüňi dolandyrmagy başaryň we rahatlygy saklajak boluň. Bolýan zatlara reaksiýa bildirmäň – köp zat diňe size bagly däl. Baramaz tendensiýalar maliýe ýitgilerine ýa-da garaşylmadyk çykdajylara sebäp bolar. Garşy jynsdaky adamlar bilen baglanyşykly ýüze çykjak meseleler hem aradan aýrylmaýar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Gowy gün. Durmuş mümkinçiligi, alçaklyk, duýgurlyk artýar. Döredijilik işleri ýa-da halaýan güýmenjäňiz, içki açyşlara sebäp bolup biler ýa-da goşmaça girdeji çeşmesini görkezer. Sapara gitmek ýa-da öýde myhman almak maslahat berilýär. Jogapkärçiligiňiz şahsy durmuşynda ykrar edilmegiňizi we üstünlik gazanmagyňyzy kepillendirilýär.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Söwda işi üstünlikli öser we islenilýän netijeleri berer. Täze girdeji çeşmelerini tapmaga mümkinçilik berýän täze pikirleriň ýüze çykmagy hem aradan aýrylmaýar. Ýyldyzlar romantik gatnaşyklaryňyz we güýmenjeňiz hakda pikirlenmegiňizi maslahat berýärler. Öňki janköýerleriň gözýetimde peýda bolmagy ähtimal. Ykbal ýalňyz daluwlar hakynda alada eder – olar romantik duşuşyga garaşybermeli.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Gowy gün, esasanam balyk erkekleri üçin. Olär işjeň hyzmatdaşlary çekip ýa-da täze ýaranlary tapynyp bilerler. Duşuşyklar, gepleşikler, syýahatlar, aragatnaşyklar üstünlikli bolar. Mümkin, täze romantiki hyjuw, ýa-da ýalan sypaýylyk, duýgularyň çuňlugyny ýa-da niýetleriň çynlakaýlygyny görkezmäge mümkinçilik bermez.

Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halakara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Türkmenistanyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

 

Ýene-de okaň

23-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

22-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

21-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle