TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝETTESWIRLER

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

Ýyldyzlaryň häsiýetnamasy adamyň dünýä inen pursatynda Günüň ýerleşişi bilen baglydyr. Entäk irki döwürlerde müneçjimler Günüň 12 sany ýyldyzlardan geçip, adamyň durmuşyna, häsiýetine täsir edýändigine üns çekipdirler. Bu täsirleriň we astrologiki hadysalaryň üsti bilen adamyň häsiýeti, durmuşy, şowly we şowsuz günleri, söýgüdäki orny kesgitlenilipdir. Müneçjimleriň aýtmagyna görä, adamyň häsiýetine, durmuşyna täsir edýän ýene-de 8 sany planetamyz we Aý bardyr.

Adamyň doglan senesi boýunça onuň haýsy ýyldyza degişlidigi kesgitlenilýär. Täleýnama bolsa, onuň häsiýetini, özüniň alyp barşynyň aýratynlyklaryny açyp görkezýär. Şol sanda söýgüde, dostlukda haýsy ýyldyzlar bilen gowy gatnaşykda boljakdygy barada maglumat berýär.

Täleýnamalar hem birnäçe görnüşde bolýarlar we dürli ugurlar boýunça ýol görkezýärler. Müsürlileriň täleýnamasy iň gadymy çaklamalaryň biridir. Maýyň täleýnamasy — bu hem astrologiki çaklamalaryň iň gadymylarynyň biridir. Bu täleýnamanyň kömegi bilen irki döwürlerde adamlaryň häsiýetli aýratynlyklaryny öwrenipdirler. Şeýle-de Hytaý täleýnamasy — şu günlerde ulanylýan täleýnamalaryň biridir.

Megerem her kim özüni tanaýan bolsa gerek. Muňa garamazdan, ýyldyzlaryň täsiri astynda düzülen çyzga görä, siziň täleýnamaňyzyň nämeleri habar berýändigini bilmek hem gyzykly bolsa gerek. Biz, 12 sany ýyldyzyň gysgaça häsiýetnamasyny size ýetiripdik. Indi bolsa, her ýyldyzyň aýratynlykda giňişleýin maglumatlaryny size ýetirmegi makul bildik.

Hamal (Guzy 21.03—20.04)

 Umumy häsiýetnama

Hamallar maksada okgunly, özbaşdak, emma sabyrsyzdyrlar. Üstünlik getirýän reňki — gyzyl, daşy bolsa, göwherdir. Bu ýyldyzyň astynda doglan adamlar kowus bilen oňat oňuşýarlar. Hamallar ir-u-giç öz maksadyna ýetýärler. Olaryň arasynda oýlap tapyjylar, alymlar, ylym işgärleri köp gabat gelýär. Olar täzeçillik ýörelgesine eýerýärler. Emma olaryň deňsiz-taýsyz güýji gysga wagtlaýyndyr. Şeýle-de bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň başlanan işe bolan gyzyklanmasy birbada beýik bolup, soňam peselip bilýär. Hamallar işde, durmuşda töwekgelçilikli hereket edýärler. Gürreňdeşlikde gönümel bolan hamallaryň göwünleri açykdyr.   Olar köp wagtlap öýke-kine saklap bilenoklar. Onuň ýerine soňundan hem ökünmän, doly arany üzenini gowy görýärler. Hamallar söýgä uçrasa, islendik böwetlerden geçip, söýgüsine gowuşmaga ymtylýarlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar döredijilik adamsy. Bilesigeliji, ugurtapyjy hamallaryň arasynda turgenler, esgerler, ýazyjylar, syýahatçylar köp gabat gelýär. Hammallaryň şowluluk, üstünlik getirýän sanlary: 9, 18, 27, 36, 45, 54, 63, 72.

Güýçli we ejiz taraplary

Hamallar örän gowy dostdurlar. Hamallar şowsuzlyga uçrasaňyz, sizi goldap biljek adamlardyr. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar hakyky liderlerdir. Şeýle-de olar guramaçylyklydyrlar.

Hamal gorkusyzdyr, özdiýenlidir, diňe öz bähbidini gözleýändir.  Hamallaryň başlan işine bolan gyzyklanmasy bir peselmesin, peseläýse, ol bu işi taşlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar boýun egmegi halamaýar. Şonuň üçin ýolbaşçylyk wezipelerine ymtylýarlar. Ol öz ýalňyşlaryny duýanok we görenok. Şol sebäpden hem kähalatlarda zyýan çekip bilýär. Hamallaryň özüne bolan ynamy aşa ýokary. Olara sabyrlylyk ýetenok. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar özgäniň pikirini ýa-da maslahatyny diňlemegi başarmaýarlar. Hamallar gerek ýerinde «bagyşla» diýmegi bir başaraýsadylar.)

Söýgüde  

Durmuşda söýgi deý arassa, päk duýgy barmyka asyl… Daşary ýurtly ýazyjynyň aýtmagyna görä, kalpda söýgi ýok bolsa işde gazanylan üstünlikler ýa-da maddy üpjünçilik adamy juda begendirip duranok. Öz söýen ýaryňy saýlamakda müneçjimleriň berýän maslahatlary hem adam üçin peýdaly bolup biler.

Hamallar üçin söýgi wajyp duýgudyr. Söýýäniniň aladasyny etmekden lezzet alýarlar. Bu ýyldyzyň astynda doglan adamlar söýgüde özüniň gyzyklanmalaryny paýlaşyp biljek, hamalyň pikirini goldap biljek adamlary saýlaýarlar. Ol söýgüsine wepalydyrlar. Hamallar ekizekler we daluwlar bilen maşgala gursalar, bütin ömrüne bagtly durmuşda ýaşarlar. Umumy maksadyň bar ýerinde akrap we terezi bilen bilelikde iş alyp baryp bilerler. Hamallar örän duýgur adamlardyr. Aýralyklary kynlyk bilen ýaşaýar.

Saglygy

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamak, sagat bolmak adam üçin wajypdyr. Sebäbi sagdyn bolmagyňa ýa-da bolmazlygyňa köp zat bagly. Özüňi oňat duýman meýilleşdiren duşuşyklara gidilmedik wagtlary hem gabat gelýär. Täleýnamada bolsa, adamyň haýsy organy ejiz, haýsysyna has üns berip, gerek ýerinde bejergi almalydygy barada habar berilýär.

Saglyk ýagdaýynda hamallar öz nerw ulgamyna zeper ýetmezligi üçin rahat bolmaga çalyşmalydyr. Olar wagtly-wagtynda rahat ýatmalydyrlar. Şeýle-de bu ýyldyzyň astynda doglan adamlaryň arasynda böwrek kesellileri hem gabat gelýär. Olara et önümlerini köpräk iýmek maslahat berilýär.

Bu ýyldyzyň astynda doglan meşhur adamlar

Kira Naýtli, Jessika Parker, Ledi Gaga, Wiktoriýa Bekhem, Alla Pugaçowa, Mariýa Şarapowa, Gari Oldmen, Wladimir Kliçko, Elton Jon, Maksim Gorkiý, Jeki Çan, Jeremi Klarkson, Leonardo da Winçi, Iwan Urgant, Çarli Çaplin, Jeýms Franko.

 

Ýene-de okaň

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Ata Watan Eserleri

Teswirle